Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/08 sah. 1
  • Biz Ýehowa berip bileris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz Ýehowa berip bileris
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Siz Patyşalyk üçin nämelerden geçersiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ähli zadyň Eýesine näme berip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýygnak üçin kömegiňi gaýgyrma!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 3/08 sah. 1

Biz Ýehowa berip bileris

1 Siz adamlaryň Hudaýa bir zat berip bilýändigini bilýärsiňizmi? Habyl sürüsinden Ýehowa bir mal sowgat berdi. Şeýle gurbany Nuh bilen Eýýup hem Ýehowa beripdi (Bar. 4:4; 8:20; Eýýup 1:5). Elbetde, Ýaradyjyny şeýle sowgatlar baýatmaýar, sebäbi ol ähli zadyň eýesi. Emma wepaly gullukçylaryň berýän gurbanlary Hudaýa bolan çuňňur söýgüsini görkezýär. Şu günler biz Ýehowa «öwgi gurbanlaryny» bermek üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp edip bileris (Ýew. 13:15).

2 Wagt. Ähmiýetsiz zatlardan wagty «satyn alyp, TD» ony wagyz işine sarp etmek, öwgä mynasypdyr (Efes. 5:15, 16). Belki, gün tertibimizi üýtgedip, ýylda bir ýa-da birnäçe aý kömekçi pioner bolup gulluk edip bileris. Ýa-da wagza sarp edýän watymyzy köpeldip bileris. Her hepde otuz minut köpräk wagyz etsek, aýda azyndan iki sagat artyk wagyz ederis.

3 Güýç. Ýehowa iň gowusyny bermek üçin, ähli güýjümizi alýan işden we göwün açmalardan gaça durmaly. Şeýle-de «ýüregimizi çökerip», Hudaýa gulluk etmäge güýç galdyrmaýan aladalarymyzyň hötdesinden gelmeli (Sül. tym. 12:25). Eger-de aladalanmaga hakykatdanam sebäp bar bolsa, «ýükümizi Rebbiň üstüne taşlasak» gowy bolar! (Zeb. 55:22; Flp. 4:6, 7).

4 Pul serişdesi. Biz wagyz işini goldamak üçin pul serişdesini hem berip bileris. Pawlus resul imandaşlaryna mätäçleri yzygiderli goldamak üçin «pul süýşürmegi» maslahat berdi (1 Kor. 16:1, 2). Şonuň ýaly biz-de ýygnagyň zerurlyklaryna we bütindünýä wagyz işine pul süýşürip bileris. Biz az bersek-de, ýöne ýürekden bersek, Ýehowa ony gymmat hasaplaýar (Luka 21:1—4).

5 Ýehowa bize köp zatlar berýär (Ýakup 1:17). Biz oňa gulluk etmek üçin jomartlyk bilen güýjümizi, wagtymyzy we serişdämizi sarp etsek, minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu Ýehowa ýaraýar, sebäbi ol «begenç bilen bereni söýýändir» (2 Kor. 9:7).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş