Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 28-ine başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 30 minudyň dowamynda 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-inden Gurbansoltan aýynyň 28-i aralygynda geçilenleri gaýtalar.
DILEWARLYK
1. Näme üçin nutgy berlen tema boýunça taýýarlamak wajyp? (be-U sah. 234, abz. 1— sah. 235, abz. 1).
2. Öwredenimizde näme üçin sorag bermek peýdaly? (be-U sah. 236, abz. 1—5).
3. Soraglar nädip diňleýjileriň oýlanmagyna kömek edýär? (be-U sah. 237, abz. 3— sah. 238, abz. 1).
4. Öwredenimizde adamyň ýüregindäki pikirini bilmek üçin, ussatlyk bilen sorag bermek näme üçin wajyp? (Sül. tym. 20:5; Mat. 16:13—16; Ýahýa 11:26) (be-U sah. 238, abz. 3—5).
5. Öwredenimizde deňeşdirmäni ulanmak näme üçin peýdaly? (Bar. 22:17; Ýerem. 13:11) (be-U sah. 240, abz. 1—3).
No.1 ÝUMUŞ
6. Hudaýyň Patyşalygynda ýaşaýyş alyp bolýandygy barada Markus kitabynda nähili görkezme berýän prinsipler bar? (bsi08-1 sah. 8, abz. 32).
7. Şu günler Hudaýyň gullukçylaryna mukaddes ruh nädip kömek edýär? (Ýahýa 14:25, 26) (be-U sah. 19, abz. 2, 3).
8. Okamagyň nähili uly peýdasy bar? (be-U sah. 21, abz. 3).
9. Öwrenmek näme? (be-U sah. 27, abz. 3— sah. 28, abz. 1).
10. Luka Ýewreý Ýazgylary Hudaý tarapyndan ýazylandygyny nädip görkezdi?( bsi08-1 sah. 10, abz. 30, 31).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK
11. Bir adam Isa «ýagşy mugallym» diýende, Isa näme üçin oňa düzediş berdi? (Mar. 10:17, 18) (w08 15. 2 «Ýehowanyň Sözi diri — Markusyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler»).
12. Isa injir agajynyň mysaly arkaly ysraýyl halky barada nämäni görkezjek boldy? (Mar. 11:12—14, 20, 21) (w03 15. 5-U sah. 26, abz. 2, 3).
13. Jebraýyl perişdäniň Merýeme Hudaýyň mukaddes ruhy, ýagny güýji inende «sen göwreli bolarsyň» diýmegi nämäni aňladýar? (Luka 1:30, 31, 34, 35) (w08 15. 3. «Ýehowanyň Sözi diri — Lukanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler», it-2-E sah. 56, abz. 2).
14. Isanyň şägirtleri dogrudanam «sabat güni etmesiz zady etdilermi?» (Luka 6:1, 2) (gt-U 31-nji bap).
15. Isanyň Marta beren maslahatyndan nähili sapak edinse bolar? (Luka 10:40—42) (w99 1. 9-U sah. 31).