Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/08 sah. 1
  • Wagyz gullugynda üstünlik gazanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz gullugynda üstünlik gazanyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Täze wagyzçylara wagyz etmegi öwrediň
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Yhlasly wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ilerlemegiňizi dowam ediň
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 4/08 sah. 1

Wagyz gullugynda üstünlik gazanyň

1 Gökdäki Atamyz gullukçylarynyň ruhy taýdan gazanan üstünliklerini görüp şatlanýar. Ruhy taýdan üstünlik gazanmak, bu ruhy taýdan ösmegi we ökde wagyzçy bolmagy aňladýar. Pawlus resul gözegçi Timoteosa «ilerleýşi hemmelere görner» ýaly, ruhy taýdan ösmegi maslahat berdi (1 Tim. 4:13—15). Wagyzçylaryň ählisi, şol sanda, tejribeli wagyzçylar hem wagyz gullugyny kämilleşdirmeli.

2 Ruhy maksatlar goýuň. Üstünlik gazanmak üçin ruhy maksatlar goýmaly. Ruhy maksatlaryň biri, bu ruhy gylyjy, ýagny Mukaddes Ýazgylary has ökdelik bilen ulanmagy öwrenmekdir (Efes. 6:17). Belki, biz köçede, telefon arkaly ýa-da adamlaryň işleýän ýerinde wagyz etmäge ökdeleşmelidiris. Ýa-da ikilenç ideg etmekde kämilleşmelidiris. Ýene-de bir gowy maksatlaryň biri, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak we geçirmekde ökdeleşmek.

3 Üstünlik gazanmaga näme kömek edýär. Ýygnak duşuşyklary, esasanam Teokratik gulluk mekdebi we gulluk duşuşygy ökde wagyzçy bolmaga kömek edýär. Bu duşuşyklara gowy taýýarlansak we gatnaşsak, olarda berilýän maslahatlara eýersek, köp peýda alarys (2 Kor. 9:6).

4 Birek-birege ruhy taýdan üstünlikler gazanmaga kömek etmek wajypdyr (Sül. tym. 27:17). Wagyzda dogan-uýalarymyzyň wagyz edişini ünsli diňlesek, wagyzda kämilleşmäge kömek eder. Kitap öwrenilýän duşuşygyň gözegçisi bize kömek bermegiň aladasyny edip biler. Ökde wagyzçy bolmaga hem-de wagyzda uly şatlyk tapmaga tejribeli pionerleriň we başga wagyzçylaryň berýän kömegi, bize uly bereketdir! Kitap öwrenilýän duşuşykda täze wagyzçy bar bolsa, siz olary wagza çagyryp bilersiňiz.

5 Şu günler iň gaýragoýulmasyz iş — wagyz işidir. Biz Ýehowa «öwgi gurbanlaryny» aýdyp, iň gowy zat bermek isleýäris (Ýew. 13:15). Biz wagyz gullugynda üstünlik gazanmak üçin tagalla etsek, her birimiz «hakykat sözüni dogry ulanyp. . . utanmajak işçi» bolup bileris (2 Tim. 2:15).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş