Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/08 sah. 3
  • Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 6/08 sah. 3

Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak

2008-nji ýylyň Oguz aýynyň 30-ynda başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2008-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 5-inden Oguz aýynyň 30-y aralygynda geçilen material boýunça, 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalamaly. Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, jogabyny tapmak üçin özüňiz şol temany öwrenmeli bolarsyňyz. («Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitabyň 36, 37-nji sah. seret.)

DILEWARLYK

1. Getirýän mysallarymyzy diňleýjilere nädip düşnükli edip bileris? (be-U sah. 242, abz. 3—sah. 243, sah. 1).

2. Näme üçin tanyş wakalardan alnan ýönekeý mysallar täsirli bolýar? (be-U sah. 245, abz. 2—4).

3. Görkezme esbaplary ulanmak näme üçin zerur we Ýehowa olary ulanyp nähili wajyp sapak berýärdi? (Bar. 15:5; Ýerem. 18:6; Ýunus 4:10, 11) (be-U sah. 247, abz. 1, 2).

4. Biz görkezme esbaplary ulanyp, okuw geçişimizi nädip gowulandyryp bileris? (be-U sah. 248, abz. 1—3).

5. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler üçin karta nähili ýagdaýda gowy görkezme esbap bolup biler? (be-U sah. 248, abz. 4).

No.1 ÝUMUŞ

6. Mukaddes Ýazgylary öwrenenimizde, Hudaýyň mukaddes ruhy nämä göz ýetirmäge kömek eder? (be-U sah. 32, abz. 3, 4).

7. Aýadyň manysyny öwrenmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň özüni nädip ulanyp bileris? (be-U sah. 34, abz. 4— sah. 35, abz. 2).

8. Ýahýanyň Hoş habarynda Ýehowanyň diňe Isa arkaly bütin adamzada bereket berjekdigi nädip bellenilip geçilýär? (bsi08-1 sah. 13, abz. 32).

9. Mukaddes Ýazgylar Resullaryň işleri kitabyny Luka lukmanyň ýazandygyny nädip görkezýär? (bsi08-1 sah. 14, abz. 3, 5; sah. 15, abz. 7).

10. Nutgyň meýilnamasyny düzende nähili umumy düzgüne eýermeli? (be-U sah. 39—41).

MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK

11. Haýsy ybadathana «kyrk alty ýylda salyndy»? (Ýahýa 2:20) (w08 15.4. «Ýehowanyň Sözi diri. Ýahýa kitabyndan peýdaly pikirler»).

12. «Ölümden ýaşaýşa göçendir» diýip, kimler barada aýdylýar? (Ýahýa 5:24, 25) (w08 15.4. «Ýehowanyň Sözi diri. Ýahýa kitabyndan peýdaly pikirler»).

13. Isa nädip gökde wepaly şägirtlerine «ýer taýýarlamalydy»? (Ýahýa 14:2) (w08 15.4. «Ýehowanyň Sözi diri. Ýahýa kitabyndan peýdaly pikirler»).

14. Isa näme üçin Merýeme maňa galtaşma diýdi? (Ýahýa 20:17) (w08 15.4. «Ýehowanyň Sözi diri. Ýahýa kitabyndan peýdaly pikirler»).

15. Isa «göge gidişi... ýaly-da yzyna geler» diýen sözler näme aňladýar? (Res. iş. 1:9—11) (w05-U 15.1. sah. 15, abz. 20, 21; rs-E sah. 342, abz. 4; it-1-E sah. 186, abz. 8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş