Taýýarlyk — üstünlikli ikilenç ideg etmäge kömek edýär
1. I asyrda wagyz işi nädip ýaýramalydy?
1 «Patyşalygyň Hoş Habaryny» ökde wagyz eder ýaly, Isa şägirtlerine janypkeşlik bilen öwredýärdi (Mat. 4:23; 9:35). Şol wagt olar diňe Palestinada wagyz edýärdiler. Emma Isa göge gitmezinden öňürti, şägirtleriniň «bütin milletleri şägirt etmelidigini» aýtdy. Bu bolsa wagyz işiniň gelejekde giňden ýaýrajakdygyny görkezýärdi (Mat. 28:19, 20).
2. Biz Isanyň «şägirt ediň» diýen tabşyrygyny nädip ýerine ýetirip bileris?
2 Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar bilen gyzyklanan adamlary ikilenç ideg edip, biz olara hakyky şägirt bolmaga kömek edýäris we Isanyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmegi öwredýäris. Elbetde, üstünlikli ikilenç ideg etmek üçin gowy taýýarlanmaly.
3. Birinji idegde nädip ikilenç ideg etmäge gepleşip bileris?
3 Ikilenç ideg etmäge şol wagt gepleş. Käbir wagyzçylar ilkinji idegiň ahyrynda sorag bermäge çalyşýarlar we onuň jogaby barada pikir alyşmak üçin ýene-de geljekdigini aýdýarlar. Olar ikilenç ideg edende, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ulanýandygy üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilýärler.
4. Maksadymyzy ýatda saklasak nähili peýda berer?
4 Öňünden oýlan. Ikilenç ideg etmänkäň, eden bellikleriňi barlamaga biraz wagt sarp et we näme etjekdigiň barada oýlan. Meselem, öňki beren edebiýatyňdaky pikirler barada gürrüň edip bilersiň. Ýa-da gürrüň eden temaň barada goşmaça edebiýat berip bilersiň. Eger sen ilkinji idegde sorag beren bolsaň, onda şoňa jogap bermegi maksat edin. Pikiri tassyklamak üçin Mukaddes Ýazgylardan aýat okamaga çalyş.
5. Ikilenç idegiň maksady näme bolmaly?
5 Biziň maksadymyz. Elbetde, biziň maksadymyz Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak. Bir doganymyz ikilenç ideg edende, gyzyklanan adama Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürleýär, ýöne ol razylaşmaýar. Doganymyz indiki gezek täze žurnal getirip, şeýle diýýär: «Biz şu gün adamlara Mukaddes Ýazgylardan bir wajyp soraga jogap berýäris». Ol adam pikirini aýdansoň, doganymyz bir aýat getirýär we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin ulanylýan edebiýatdan gabat gelýän bir abzasy okaýar. Şeýdip, bu adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwy başlanýar.
6. Gowy taýýarlyk, saňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga nädip kömek etdi?
6 Ikilenç ideg etmek üçin taýýarlanmaga wagt sarp edenimize degýär. Biziň şatlygymyzyň çeni bolmaz we «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» kömek etmek hormatyna eýe bolup bileris (Res. iş. 13:48).