«Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» diýen kitaby ulanýarmyň?
1. Pawlus resul bilen Isa adamlara nädip tälim berýärdi?
1 Pawlus resul «Mukaddes Ýazgylardan gürrüň bermäge» çalyşýardy (Res. iş. 17:2, 3; 18:19). Sebäbi ol Isadan görelde aldy. Isa köplenç Ýazgylardan aýatlar getirip, diňleýjiler Hudaýyň islegine düşüner ýaly tymsallar arkaly gürrüň berýärdi (Mat. 12:1—12). Şonuň ýaly-da «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» (rusça) kitaby hem bize kömek etmek üçin niýetlenen.
2. «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitaby arkaly nädip netijeli giriş sözlerini taýýarlap bolar?
2 Netijeli giriş sözlerini taýýarlamak. «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitabynyň 9—15-nji sahypalarynda adamlary gyzyklandyrjak giriş sözleri bar. Täze giriş sözlerini tapyp, olary esasanam, köp wagyz edilýän meýdançada ulansaň, gullugyňy üýtgeşik edersiň we gürrüňe ökdelik bilen başlap bilersiň. Telefonda ýa-da goralýan jaýlaryň domofony arkaly gepleşeniňde, hödürleri göni kitapdan okap bilersiň.
3. «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitabynyň 15—24-nji sahypalaryndan wagyzda kömek edýän nähili peýdaly maslahatlary tapyp bilersiň?
3 Garşylygy ýeňmek. Meýdançaňda ýüze çykjak garşylygy üstünlikli ýeňmek üçin, 15—21-nji sahypalardaky maslahatlara wagyzdan öň birnäçe minut sarp etseň gowy bolar. Eger meýdançaňda buddistler, induslar, ýewreýler ýa-da musulmanlar bolsa, onda 20—24-nji sahypalardaky maglumata seretseň, peýdaly bolar.
4. Sorag ýa-da garşylyk ýüze çykanda, «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitaby arkaly nädip jogap berip bolýar?
4 Soraglara jogap bermek. Şeýle-de aýratyn bir taglymat bilen bagly sorag ýa-da garşylyk ýüze çykanda, «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitaby kömek edýär. Sen kitapdan şu tema boýunça gyzykly bir pikiri görkezjekdigiňi aýdyp bilersiň. Esasy temalar elipbiý boýunça berlendigi üçin, sen gerek maglumaty görkezýän bölümi açyp bilersiň. Soňra gysgaça goýy gara şrift bilen ýazylan soraglary görkez. Eger birbada tapmasaň, kitabyň yzyndaky indekse seret. Gerekli maglumaty tapanyňda, ony kitapdan göni oka. Eger aýratyn bir aýat barada gürrüň etmekçi bolsaň, onda 445-nji sahypadaky «Ýalňyş düşünilýän aýatlar» diýen çarçuwa seredip bilersiň.
5. Ýene nähili ýagdaýlarda «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitaby kömek eder?
5 Başga mümkinçilikler. Käbir wagyzçylar «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitabyny «Sen näme üçin baýramçylygy bellemeýärsiň?» diýen sowala jogap bermek üçin, işde ýa-da mekdepde ulanýarlar. Ýaşlar bolsa, mekdep ýumuşlary taýýarlanda, «Ýaradylyş», «Ewolýusiýa» diýen bölümlerden gowy maglumatlary ulanýarlar. Eger sen syrkawy ýa-da ýakynyny ýitiren adamy ideýän bolsaň, onda «Teselli bermek we ruhlandyrmak» diýen bölümden gerekli aýatlary tapyp bilersiň. Şeýle-de bu kitapda nutga we wagyz gullugy üçin duşuşyga taýýarlanmaga peýdaly maslahatlar bar.
6. Wagyz edende biziň maksadymyz näme?
6 Wagyz edende, biziň maksadymyz, jedelde ýeňmek ýa-da ýöne bir maglumat bermek däl. Biz Ýazgylar arkaly ökdelik bilen pikir alyşmak isleýäris. «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» kitabyny gowy ulanyp, öwredişimize hemişe üns berýäris (1 Tim. 4:16).