Wagyz edip, ruhy taýdan berkeýäris
1. Wagyz etmek bize nähili peýda berýär?
1 Wagyz işine yhlasly gatnaşsak, ruhy taýdan berkäris we şatlygymyz artar. Elbetde, gulluk edip we «sözi wagyz et» diýen tabşyryga eýerip, biz, ilki bilen, Ýehowanyň göwnünden tur-ýarys. Emma munuň bize-de peýdasy bar hem-de Ýehowanyň bereketlerini al-ýarys (2 Tim. 4:2; Iş. 48:17, 18). Biz wagyz etmekden nädip güýç we şatlyk alýarys?
2. Wagyz gullugy bizi ruhy taýdan nädip berkidýär?
2 Güýç we şatlyk alýarys. Wagyz gullugy ünsümizi gündeki kynçylyklara däl-de, Patyşalygyň bähbitlerine gönükdirmäge kömek edýär (2 Kor. 4:18). Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny düşündirende, Ýehowanyň wadalaryna imanymyz berkeýär we hakykata minnetdarlygymyz artýar (Iş. 65:13, 14). Adamlara «dünýäden bolmaz» ýaly, ruhy taýdan ösmäge kömek etmek bilen, özümiz hem dünýäden aýry bolmagy berk ýüregimize düwýäris (Ýahýa 17:14, 16; Rim. 12:2).
3. Wagza gatnaşsak mesihçi häsiýetlerimizi gowulandyrmaga nädip kömek edýär?
3 Wagza gatnaşsak, mesihçi häsiýetlerimizi gowulandyrarys. Meselem, «her kese her zat bolmaga» jan etsek, has kiçigöwünli bolmaga ýardam edýär (1 Kor. 9:19—23). «Çopansyz goýunlar ýaly pytraňňy, alaçsyz» adamlar bilen gürrüňdeş bolanda, duýgudaşlygy we rehimdarlygy öwrenýäris (Mat. 9:36). Adamlaryň biperwaýlyk ýa-da garşylyk görkezýändigine garamazdan, çydamly bolmagy öwrenýäris. Adamlara ýagşylyk etsek, şatlygymyz artýar (Res. iş. 20:35).
4. Sen gullugyňa nähili garaýarsyň?
4 Seždä mynasyp bolan ýeke-täk Hudaýa gulluk etmek nähili bereket! Wagyz gullugy bizi ruhy taýdan berkidýär. «Hoş Habara güwä geçmek üçin» köp wagt sarp etmäge jan edýän wagyzçylar bol bereket alýarlar (Res. iş. 20:24).