Bildiriş
◼ 2009-njy ýylda geçirilýän halkara kongresine diňe çagyrylan delegatlar gatnaşyp biler. Şonda kongresiň guramaçylykly geçirilmegine päsgel berýän kynçylyklar bolmaz (ser. km 12.08 s. 5, abz. 2). Hyzmatdaşlygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris.
◼ Bütindünýä hasabatynda ýa-da «Ýyllyk» kitabynyň soňky sahypasynda adresi bolmadyk ýurda gitmekçi bolsaňyz, aýratyn görkezme we duýduryş almak üçin öz ýurduňyzdaky filiala ýüz tutuň. Belki, şol ýurtda wagyz işi gadagan edilendir (Mat. 10:16). Şeýle-de käbir ýurtlarda ýerli Güwäçiler bilen gepleşmesek we ýygnaga gatnaşmasak gowy bolardy. Size filialda nädip resmi däl ýagdaýda wagyz etmelidigi we edebiýat geçirmelidigi barada maslahat berler. Filialyň görkezmesine eýerseňiz, gerekmejek kynçylyklardan gaça durarsyňyz we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin kynçylyk döretmersiňiz (1 Kor. 14:33, 40).