Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler.
1. Biz Müsürden çykyş 23:19-dan näme öwrenip bileris? (w06-U 1.4. sah. 31, abz. 1—5).
2. Urym we Tummym näme we olar gadymy Ysraýylda nähili ulanylýardy? (Müs. çyk. 28:30) (w06-U 15.1. sah. 18; w01-U 1.9. sah. 27).
3. Ýehowa Musa bilen nädip «ýüzbe-ýüz» gepleşdi? (Müs. çyk. 33:11, 20) (w04-U 15.3. sah. 27).
4. Çadyryň gurluşygynda Ýehowanyň ruhy nähili rol oýnady? (Müs. çyk. 35:5, 30—34) (w08 15.2. sah. 2, abz. 17).
5. Çykyş 40:28-däki ýapynja Hudaýyň uly ruhy ybadathanasynda nämäni aňdadýar? (w00-U 15.1. sah. 15, abz. 7, 8)
6. Gurbanlyk sypasynda tutuşlygyna ýakylýan «ýakma gurbanlygy» bilen Isanyň gurbanlygynyň näme meňzeşligi bar? (Lew. 1:13) (w04-U 15.5. sah. 21, abz. 3).
7. «Ähli ýagyň Rebbe hödürlenmegi» bize nähili täsir etmeli? (Lew. 3:16, 17) (w04-U 15.5. sah. 22, abz. 2).
8. Näme üçin gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökmelidi we onuň başga ýerlerine «çalmalydy»? (Lew. 9:9) (w04-U 15.5. sah. 22, abz. 5).
9. Harunyň Nadap we Abyhu ogullary nähili günä etdiler? (Lew. 10:1, 2) (w04-U 15.5. sah. 22, abz. 6)
10. Isanyň töleg gurbanyny nädip ulanjakdygy her ýyl geçirilen Günäden saplanma gününde nädip görkezilýärdi? (Lew. 16:11—16) (w98-U 15.2. sah. 12, abz. 2).