Sen köpräk gulluk edip bilermiň?
1. Şu günler nähili iş öňküden-de has wajyp we näme üçin?
1 Patyşalyk barada hoş habar bilen gyzyklanýan müňlerçe adamlary görüp, Isa şägirtlerine: «Hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi (Mat. 9:37, 38). Biz hasyl ýygymynyň tamamlanýan döwründe ýaşaýarys, şol sebäpli biziň işimiz öňküden-de has wajyp. Şonuň üçin wagyz işine köpräk gatnaşar ýaly doga etmeli (Ýahýa 14:13, 14).
2. Wagyzçylaryň käbiri köpräk gulluk etmeli diýen çakylyga nähili seslendiler?
2 Nädip köpräk gulluk etmeli. Wagyzçylaryň köpüsi Ýehowanyň görkezmesi we kömegi bilen pioner gullugyna başladylar (Zeb. 26:2, 3; Flp. 4:6). Käbiri ýylyň dowamynda bir-iki aý kömekçi pioner bolup gulluk eder ýaly ýörite tagalla etdiler. Bu olara köpräk gulluk etmäge mümkinçilik berdi. Kömekçi pioner gullugyndan şatlyk alan wagyzçylaryň köpüsi doly wagtly gulluk etmegi ýüregine düwdüler (Res. iş. 20:35).
3. Eger öň pioner bolup gulluk eden bolsaň, indi sen näme barada oýlanyp bilersiň?
3 Ýene-de pioner gullugyna başlap bilermiň? Eger sen öň pioner bolup gulluk eden bolsaň, şol günleri höwes bilen ýatlaýansyň. Sen ýene-de pioner bolup gulluk eder ýaly doga edýärmiň? Belki, saňa pioner gullugyna päsgel beren ýagdaý üýtgändir, indi sen ýene-de bu hormatly gulluga başlap bilersiň (1 Ýahýa 5:14, 15).
4. Biziň her birimizde nähili ajaýyp mümkinçilik bar?
4 Hasyl ýygymy güýçli depginde alnyp barylýar we tizden tamamlanar (Ýahýa 4:35, 36). Geliň, her birimiz köpräk gulluk eder ýaly, gün tertibimizi üýtgetmegi ýüregimize düweliň. Eger köpräk gulluk etmäge hakykatdanam mümkinçiligimiz bolmasa, has netijeli gulluk edip bilerismi? (Mar. 12:41—44). Ýehowa bilen işleşip, bu aýratyn gulluga gatnaşýan wagyzçylar nähili şatlyk tapýandyr! (Zeb. 110:3).