Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2009-njy ýylyň awgust aýynyň 31-inden başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 20 minudyň dowamynda 2009-njy ýylyň iýul aýynyň 6-syndan awgust aýynyň 31-i aralygyndaky geçilenleri gaýtalar.
1. Näme üçin «kakasyny we ejesini näletlän» adama ölüm jezasy berilýärdi? (Lew. 20:9) (w04-U 15.5. s. 24, abz. 6).
2. Erkek göbekli ysraýyllylaryň ählisinden Petir baýramyny bellemek talap edilýän bolsa, onda ilkinji arpa dessäni kim ýygnaýardy? (Lew. 23:5, 11) (w07-U 15.7. s. 26, abz. 3).
3. Baýram ýyly nämäniň nusgasydy? (Lew. 25:10, 11) (w04-U 15.7. s. 26, 27).
4. Sanlar 2:2-de agzalýan «tug» Ysraýylda mukaddes hasaplanylýarmydy? (w02-U 15.9. s. 21, abz. 4).
5. Gadymy Ysraýyldaky nazyr bolan adamlar ýaly Patyşalygyň şu günki doly wagtly gullukçylary nädip janaýamazlyk ruhuny görkezýärler? (San. 6:3, 5, 6) (w04-U 1.8. s. 24, 25).
6. Ýehowanyň şu günki halky gartaşan lewileriň hyzmatdan boşadylmak baradaky prinsipini nädip ulanyp biler? (San. 8:25, 26) (w04-U 1.8. s. 25, abz. 1).
7. Ysraýyllylar nädip «açgözlük» bildirdiler we mundan şu günki mesihçiler nähili sapak edinip biler? (San. 11:4) (w01-U 15.6. s. 14, 15; w95-U 1.3. s. 16, abz. 10).
8. Merýem bilen Harun Musa näme üçin nägilelik bildirdiler we näme sebäpden heýwere keseline diňe Merýem uçrady? (San. 12:9—11) (w04-U 1.8. s. 26, abz. 1, 2).
9. Näme üçin Ýeşuw bilen Kalep Kenganyň ýaşaýjylaryna: «Olar biziň höregimizdir» diýdi? (San. 14:9) (w06 1.10. s. 17, abz. 5).
10. Sanlar 21:5-de nähili duýduryş berilýär? (w99-U 15.8. s. 26, 27).