Janyňyzy aýamaň
«2010-njy ýylyň Ýyllyk kitaby» sah. 45, abz. 1
Gana
Afrikada el telefonlary giňden ýaýrap başlanlygy sebäpli, adamlar «aragatnaşyk ulgamynyň rewolýusiýasy» başlandy diýýär. Aragatnaşyk kompaniýalaryň köpüsi gijäniň belli bir wagtynda mugt jaň etmäge mümkinçilik berýär. Greýs atly uýa bu mümkinçilikden peýdalanýar. Oňa Monika atly bir aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek kyn bolýardy. Sebäbi Monika elmydama işleri bilen başagaýdy. Greýs okuwy dowam etmek üçin, Monikaň öýüne hatda daňdan bäşde barmagy hem gürleşipdi. Emma Monikanyň iş wagty üýtgänsoň, olar gürleşilen wagtda-da okuw geçip bilmeýär. Şonda Greýs Mukaddes Ýazgylar okuwyny daňdan dörtde — gije mugt jaň edilýän wagty geçmegi teklip edýär. Monika muňa garşy bolmaýar. Ýöne gijäniň bu wagty telefon liniýasynda gürleşýänler köp bolansoň, jaň edip, telefon aldyrmak asla kyn bolýardy. Şonuň üçin olar irräk turup, okuwy sagat üçde geçmekçi bolýar. Elbetde, bu aňsat däldi, sebäbi olaryň ikisi-de işleýärdi hem çagalary bardy. Greýs şeýle diýýär: «Monika bilen okuw geçmegi dowam etmäge islegim bolar ýaly, Ýehowa doga edip, ondan güýç dileýärdim. Men bellenen wagtda turmagy endik eder ýaly, telefonyň budilnigini düzýärdim. Hatda gaty ýadow bolsam-da, ýaltalyga ýol bermeýärdim». 2008-nji ýylda bolan «Hudaýyň ruhy bize ýolbaşçylyk edýär» atly welaýat kongresinde Monika suwda çokundyrylanda, uýamyz köp tagalla edendigine gaty begendi. Häzirem Greýs gijeki mugt jaňdan peýdalanyp, başga bir aýal bilen telefon arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Ol aýal ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar.
«2010-njy ýylyň Ýyllyk kitaby» sah. 56, abz. 2
Filipina
Zamboanganyň golaýynda depesi 200 kilometrden görünýän bir dag bar. Şol dagyň eteginde ýaşaýan doganlar wagza çykanda köplenç oýun edip: «Şu dagyň depesinde ýaşaýanlaryň biri hoş habar bilen gyzyklanaýsa, biz näderkäk?» diýýärdi. Bir gün olar dagyň eteginde wagyz edýärkäler, bir adam olaryň ýanyna gelip, Ýehowanyň Güwäçilerini gözleýändigini aýdýar. Ol adam wagyzçylardan Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge kömek etmegi haýyş edýär. Güwäçiler onuň nirede ýaşaýandagyny soranda, ol elini uzadyp, dagyň depesini görkezýär. Doganlaryň dili tutulan ýaly bolýar. Ol adam öýüniň dagyň depesinde däl-de, aňry ýüzündedigini düşündirýär. Onuň öýüne barmak üçin bolsa, diňe dagyň depesinden geçmelidi. Geň-taň bolup, özüne gelen doganlar ony ideg etmäge razylaşýar. Ol adam Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar we häzir öýüniň gaty daşdadygyna garamazdan, her hepde Patyşalyk zalyna ýygnak duşuşyklaryna gelýär. Ol ähli milletler bilen bilelikde «Ýehowanyň öýüniň dagyna» çykýar.
«2010-njy ýylyň Ýyllyk kitaby» sah. 58, abz. 1 we sah. 59, abz. 1
Beýik Britaniýa
Kirsti atly pioner uýa meýdançasynda ýaşaýan kongolezlilere wagyz etmek üçin fransuz we lingala dilini öwrenýärdi. Bir gün uýa elleri ýükli awtobusa münüp bilmän duran kongolezli aýaly görýär. Kirsti oňa lingala dilinde sumkasyny göterişmegi teklip edip, awtobusa münmäge kömekleşýär. Kongolezli aýal uýa ýüzlenip: «Siz başga milletden bolup, näme üçin lengala dilinde gürleýärsiňiz?» diýýär. Kirsti oňa lingala ýygnagyna gatnaşýandygyny we adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar hakynda gürleşip biler ýaly, şu ýerde ýaşaýan Güwäçileriň oňa lingala dilini öwredendigini aýtdy. Uýa oňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etmek üçin, onuň düşjek duralgasyna çenli awtobusda bile gidýär. Soňra Kirsti onuň sumkalaryny öýüne, ýagny jaýyň üçünji gatyna çykarmaga kömek edýär. Ol aýalyň adamsy hem-de dört çagasy uýany gowy garşy alýar. Kirsti hem olara «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitaby görkezip, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nädip geçirilýändigini görkezýär. Häzir ol aýal hem iki uly ogly okuw geçýär. Olaryň üçüside Ýehowany razy etmek üçin tagalla edýär.
Gruziýa
Iki sany ýaş pioner dogan Güwäçiler az bolan daglyk ýere gidýär. Olar oba-oba aýlanýar we adamlar olary gaty gowy diňleýär. Doganlar ýüzlerçe edebiýat ýaýradyp, ençeme Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlaýar. Olar dagda wagyz edip başlanda, iýmäge zatlary azdy we nirede ýatjagyny-da bilmeýärdi. Emma olar hiç haçan hor bolmady. Sebäbi obanyň adamlary olary düşlemek üçin öýüne çagyryp, naharlaýardy. Hatda hoş habary diňläsi gelmeýän adamlar hem ýatara ýer, iýere çörek hödürleýärdi. Biraz wagtdan soň doganlar şol territoriýa ýörite pioner bolup bellenildi. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam gaty köp bolansoň, doganlar paýhasly bolup, başarjagyndan artyk okuw geçmedi. Adamlar şonda-da olaryň ýanyna gelip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş edýär. Doganlar Mukaddes Ýazgylar okuwynyň sanyny çäklendirendigine garamazdan, olaryň hersi her aý ortaça 20-den gowrak okuw geçirýär.