«Ekin meýdanlary... ormaga ýetişipdir»
1. Haýsy wajyp iş güýçli depginde alnyp barylýar?
1 Isa samariýaly aýala wagyz edensoň, şägirtlerine: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm ormaga ýetişipdir» diýdi (Ýahýa 4:35, 36). Ruhy hasyl oraga ýetişipdi we Isa bu işiň bütin dünýäde alnyp baryljakdygyny bilýärdi. Ol gökde bolsa-da, hasylyň oragyna yhlasly gatnaşýar (Mat. 28:19, 20). Şeýtanyň dünýäsiniň soňy golaýlaşdygyça, wagyz işiniň güýçli depginde alnyp baryljakdygy nämeden görünýär?
2. Bütindünýä orak işiniň çaltlaşýandygy nämeden görünýär?
2 Bütindünýä orak işi. 2009-njy gulluk ýylanda wagyzçylaryň sany bütin dünýä boýunça 3,2 göterim artdy. Wagyz etmek gadagan edilen ýerlerde olaryň sany 14 göterim galdy. Her aý 7 619 000-den gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilip, olaryň sany 2008-nji ýyldaky wagyzçylardan-da kän bolup, geçirilen Mukaddes Ýazgylar okuwynyň sanyndan ýarym milliona golaý köpdi. Hoş habaryň köp ýerlere tiz ýaýraýandygy sebäpli, Gilead mekdebini gutaran missionerler gerek bolýar. Ençeme ýurtlaryň başga dilde gepleýän territoriýalarynda bol hasyl ýetişýär. Dogrudan-da, orak döwrüniň ahyrynda Ýehowa hasylyň ýygymyny çaltlaşdyrýar (Iş. 60:22). Sen «ekin meýdanyňa» dogry garaýarmyň?
3. Käbir wagyzçylar ýaşaýan ýeriniň hasyly hakynda näme diýmegi mümkin?
3 Ýaşaýan ýeriňiziň hasyly. Käbir wagyzçylaryň: «Meniň ýaşaýan ýerimde adamlar wagzy gowy diňlemeýär» diýmegi mümkin. Dogrudan-da, käbir ýerler başga ýerlere garanyňda, öňküsi ýaly gowy hasyl bermeýär. Şonuň üçin käbir wagyzçylar ýaşaýan ýerinde hasyl azalyp, wagyz işi tamamlanyp gelýär we gyzyklanaýjak adamlar az galandyr öýdýär. Bu, dogrurdan-da, şeýlemi?
4. Biz wagza nähili garaýyşda bolmaga çalyşmaly we näme üçin?
4 Hasyl ýygnalyp başlandan, soňuna çenli iş gyzgalaňly alnyp barylýar. Isanyň: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýen sözlerinden bu işiň gaýragoýulmasyzdygy görünýär (Mat. 9:37, 38). Hasylyň haçan we nirede ýetişjegi hasyl eýesi Ýehowa bagly (Ýahýa 6:44; 1 Kor. 3:6—8). Onda biz nähili işi ýerine ýetirmeli? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Irden tohumyňy ek, agşama çenli eliňi sowatma, çünki sen onuň bu ýerde ýa-da ol ýerde, nirede gögerjegini bilmeýärsiň, belki olaryň ikisi-de gögerer» (Wag. 11:4—6). Hawa, häzir hasyl oragynyň soňy golaýlaşdygyça, elimiz sowamasyn!
5. Ýaşaýan ýerimizde diňlemeseler-de, näme üçin erjellik bilen wagyz etmeli?
5 Hasyl ýygymyna gatnaş. Ýaşaýan ýerimizde köp wagt bäri wagyz edilip, hiç kim diňlemeýän ýaly bolup görünse-de, gaýragoýulmasyz we yhlasly wagyz etmäge degerli sebäp bar (2 Tim. 4:2). Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýändigi sebäpli, adamlar pikirini üýtgedip, gelejek hakynda çuňňur oýlanýar. Ýaşlar ulaldygyça howpsuz durmuşyň we kalbyna rahatlyk tapmagyň pikirini edip başlamagy mümkin. Erjelligimiz adamlara gowy täsir edip bilýär. Öň bizi diňlemeýän adamlar hem indi diňlemegi mümkin. Biz hatda hoş habary kabul etmeýän adamlara hem duýdurmaly (Ezek. 2:4, 5; 3:19).
6. Ýaşaýan ýerimizde wagyz etmek kyn bolsa, yhlasly bolmaga näme kömek eder?
6 Ýaşaýan ýerimizde wagyz etmek kyn bolsa, yhlasly bolmaga näme kömek eder? Belki-de, biz diňe öýden-öýe däl, eýsem, adamlaryň işleýän ýerinde wagyz edip bileris. Şeýle-de hödürlerimizi täzeläp dursak gowy bolar. Wagza gidýän wagtymyzy üýtgedip, öýlän ýa-da adamlaryň öýde bolaýjak wagty wagyz etse bolar. Hoş habary köpräk adama wagyz eder ýaly, biz başga dili hem öwrenip bileris. Şeýle-de köpräk wagyz eder ýaly pioner bolsa bolýar. Ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp bileris. Hasyl oragyna dogry garaýyşda bolsak, mümkin boldugyndan, bu wajyp işe köpräk gatnaşmak üçin jan ederis.
7. Biz hasyl ýygymyny haçana çenli dowam etmeli?
7 Daýhanlaryň galla ýygnamaga wagty çäkli bolany üçin, olar ýygym tamamlanýança, işini haýal etmeýär. Ruhy orak işini hem şonuň ýaly gaýragoýulmasyz ýerine ýetirmeli. Biz hasyl ýygnamagy haçana çenli dowam etmeli? Zalym «dünýäniň soňuna çenli» (Mat. 24:14; 28:20). Ýehowanyň baş Gullukçysy kimin, biz hem tabşyrylan işi soňuna çenli ýerine ýetirmek isleýäris (Ýahýa 4:34; 17:4). Şonuň üçin, geliň, soňuna çenli dogry garaýyşda bolup, şatlykly we yhlasly wagyz edeliň (Mat. 24:13). Entek hasyl ýygymy tamamlanmady!
[2-sahypadaky çarçuwa]
Hasyl ýygnalyp başlandan, soňuna çenli iş gyzgalaňly alnyp barylýar