Hudaýyň Sözünden öwrenýäris
Näme üçin Hudaýdan öwrenmeli?
Şu makalada seni gyzyklandyrjak soraglar berilýär we olaryň jogabyny Mukaddes Ýazgylardan tapmaga kömek edýär. Ýehowanyň Güwäçileri seniň bilen bu soraglar hakynda höwes bilen gürleşerler.
1. Näme üçin Hudaýdan öwrenmeli?
Hudaýyň adamlar üçin hoş habary bar. Ol ony bize Mukaddes Ýazgylar arkaly aýan edýär. Mukaddes Ýazgylary gökdäki söýýän Atamyzyň bize ugradan hatyna meňzetse bolýar (Zebur 33:11; 40:5-nji aýatlary okaň).
2. Hoş habar näme?
Bütin adamzat üçin gowy häkimiýet gerek. Ynsan häkimiýetleriniň hiç birisi adamlary zorlukdan, adalatsyzlykdan, keselden we ölümden gutaryp bilmedi. Ýöne biziň üçin hoş habar bar. Hudaý adamlary horlukdan dyndarjak gowy häkimiýet dikeltmekçi (Matta 6:10 we Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okaň).
3. Näme üçin Hudaýdan öwrenmek örän wajyp?
Tizden Hudaý erbet adamlary ýer ýüzünden ýok eder. Häzir bolsa, Ol millionlarça ýumşak adamlara söýgä esaslanan durmuşyň iň gowy ýoluny öwredýär. Hudaýyň Sözi adamlara durmuşda ýüze çykýan kynçylyklary çözmäge, hakyky bagty tapmaga we Hudaýa ýaraýan durmuşda ýaşamaga kömek edýär (Zebur 105:4; 25:9-njy aýatlary okaň).
4. Mukaddes Ýazgylaryň awtory kim?
Mukaddes Ýazgylar 66 sany kiçi kitaplardan ybarat. Olary 40-a golaý adam ýazdy. Ilkinji bäş kitaby takmynan 3 500 ýyl mundan öň Musa pygamber ýazdy. Soňky kitaby 1 900 ýyl mundan öň Ýahýa resul ýazdy. Ýöne Mukaddes Ýazgylary ýazanlar öz pikirini däl-de, Hudaýyň pikirini ýazdylar. Şonuň Mukaddes Ýazgylaryň awtory Hudaý (2 Timoteos 3:16 we 2 Petrus 1:21-nji aýatlary okaň).
Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyny ondaky gelejek barada jikme-jik aýdylan pygamberliklerden bilýäris. Muny hiç bir adam başarmaýar (Işaýa 46:9, 10). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar bize Hudaýyň mähirli häsiýetlerini aýan edýär. Olar adamyň durmuşyny özgerdip bilýär. Agzalyp geçilenleriň ählisi millionlarça adamlary Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdan gelendigini ynandyrýar (Titus 1:2 we 1 Selanikliler 2:13-nji aýatlary okaň).
5. Mukaddes Ýazgylara nädip düşünse bolar?
Isa pygamber Hudaýyň Sözüni öwreden mugallym hökmünde tanalýar. Onuň öwreden adamlary Mukaddes Ýazgylar bilen öňden tanyş bolsalar-da, Hudaýyň Sözüne düşünmek üçin olara kömek gerekdi. Şonuň üçin adamlar «Ýazgylara düşüner» ýaly, Isa pygamber Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryna salgylanyp, olary düşündirýärdi. «Hudaýyň Sözünden öwrenýäris» atly şu makala size hem Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek eder (Luka 24:27, 45-nji aýatlary okaň).
Biz Hudaýdan göwnüňi göteriji zatlary, ýagny durmuşyň manysyny bileris. Ýöne käbir adamlar, belki-de, seniň Mukaddes Ýazgylary okaýandygyňy halamaz. Emma sen ruhdan düşme. Ebedi ýaşamaga edýän umydyň, seniň Hudaý barada alýan bilimiňe bagly (Matta 5:10—12 we Ýahýa 17:3-nji aýatlary okaň).
Bu hakynda köpräk bilmek üçin, Ýehowanyň Güwäçileriniň şu kitabynyň 2-nji babyna seret.