Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/11 sah. 1
  • «Siziň yşygyňyz... parlasyn»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siziň yşygyňyz... parlasyn»
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «yşygyňyz... nur saçsyn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • «Yşygyňyz nur saçsyn»
    Ýehowa aýdym aýdalyň
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 5/11 sah. 1

«Siziň yşygyňyz... parlasyn»

1. Bize nähili hormatly iş ynanyldy?

1 Günüň nury jahan ýagtylyp, Gün ýaşýança Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar. Emma nur saçýan başga-da şöhle bar. Isa Mesih şägirtlerini «ýaşaýyş nurunda» gezmäge çagyrdy (Ýahýa 8:12). Ruhy taýdan nur saçmak uly hormatdyr we oňa çynlakaý garamaly. Bu nur adamlara peýdaly bolar ýaly, Isa şägirtlerine: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde... parlasyn» diýdi (Mat. 5:16). Bu nur ruhy taýdan garaňky dünýäde ýagtylyk saçmaly, çünki ondan wajyp zat ýokdur! Biz Isanyň göreldesine eýerip, nädip nur saçyp bileris?

2. Isa ruhy yşygyň wajyplygyny nädip görkezdi?

2 Wagyzda. Isa hakykat yşygyny adamlara ýetirmek üçin wagtyny, güýjüni we serişdesini gaýgyrmandyr. Ol öýlerde we jemagatyň üýşýän ýerinde, dag depelerinde wagyz edipdir. Ol ruhy yşygyň wajyplygyna düşünýärdi (Ýahýa 12:46). Isa bu yşygy köp adamlaryň görmegini isledi, şol sebäpli şägirtlerini «dünýäniň yşygy» bolmaga taýýarlady (Mat. 5:14). Olar ýagşylyk edip we hakykat sözlerini gürrüň berip, nur saçdylar.

3. Biz hakykat yşygyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

3 Hudaýyň gullukçylary «yşyga degişli ynsanlar bolup gezmäge» çynlakaý garap, ähli adamlara wagyz edýärler (Efes. 5:8). Eger mümkin bolsa, Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlarymyzy adamlaryň bar ýerinde, ýagny işde we mekdepde arakesme wagtlary okasak, ruhy gürrüňler etmäge mümkinçilik dörär. Meselem, mekdepde okaýan bir uýamyz Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, synpdaşlarynyň 12 sanysyna kitap paýlady.

4. Biz näme üçin gowy göreldämiz bilen hem nur saçmaly?

4 Gündelik durmuşda. Biz özümizi alyp barşymyz bilen hem nurumyzy saçýarys (Efes. 5:9). Işde, mekdepde we başga-da ýerlerde mesihçileriň özüni alyp barşy adamlaryň ünsüni çekýär. Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň bermäge ýol açylýar (1 Pet. 2:12). Bir mugallym 5 ýaşly oglanyň özüni alyp barşyny görüp, onuň ata-enesine şeýle diýdi: «Men ýagşyny-ýamany saýgaryp bilýän, şeýle oglany hiç haçan görmändim!» Hawa, biz wagyz edişimiz we özümizi alyp barşymyz bilen adamlary «ýaşaýyş nuruna» çekýäris hem-de Hudaýy şöhratlandyrýarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş