«Men nädip hasabat bermeli?»
Sen özüňe şeýle soragy beripmidiň? Hasabat barada «Guramaçylykly» (rus.) kitabynyň 86, 87-nji sahypalarynda umumy görkezme berilýär. 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» «Sowally bukjasynda» hem bu barada goşmaça maglumat berlipdi. Emma ýagdaýlaryň dürli-dürli bolýandygy sebäpli, olaryň hersine aýratynlykda görkezme berilmedi. Şol sebäpli ýaşululara ýa-da dogan-uýalara goşmaça maglumat bermek ýerliksiz bolardy.
Şeýle sorag ýüze çykanda we hiç hili görkezme berilmedik bolsa, onda her bir wagyzçy özünden: «Ýazjak sagadymy wagza sarp etdimmi ýa-da ony wagyzdan başga işlere-de sarp etdim?» diýip sorap biler. Her aý wagyz hasabatyny tabşyranda, ondan şatlyk tapar ýaly, ynsabymyz ezýet bermeli däl (Res. iş. 23:1). Elbetde, esasy zat wagty hasaplamak däl-de, wagty wagyz üçin yhlasly sarp etmek (Ýew. 6:11).