Bildiriş
◼ Ýatlama agşamyndan soňky dynç güni «Seniň garaşýan wagtyňdan gijigermi?» diýen ýörite doklad bolar.
◼ Bütindünýä hasabatynda ýa-da «Ýyllyk» kitabynyň soňky sahypasynda adresi bolmadyk ýurda gitmekçi bolsaňyz, aýratyn görkezme we duýduryş almak üçin öz ýurduňyzdaky filiala ýüz tutuň. Belki, şol ýurtda wagyz işi gadagan edilendir (Mat. 10:16). Şeýle-de käbir ýurtlarda howpsuzlyk üçin ýerli Güwäçiler bilen gepleşmesek we ýygnaga gatnaşmasak paýhasly bolardy. Size filialda nädip resmi däl ýagdaýda wagyz etmelidigi we edebiýat geçirmelidigi barada maslahat berler. Filialyň görkezmesine eýerseňiz, gerekmejek kynçylyklardan gaça durarsyňyz we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin kynçylyk döretmersiňiz (1 Kor. 14:33, 40).