«Adamlar görnüşindäki sylaglar» Hudaýyň sürüsini yhlasly bakýar
1. Ýehowa aladamyzy edýändigini nädip görkezdi?
1 Ýehowa Ogly arkaly «adamlar görnüşindäki sylaglary berip», gör nähili aladamyzy etdi! (Efes. 4:8, 11, 12, TD). Olaryň borçlarynyň biri — Hudaýyň sürüsini erjellik bilen bakmak (1 Pet. 5:2, 3). Şeýle alada biziň her birimiz üçin peýdaly. Kynçylyklara uçranlara, kemçilikleri bilen göreşýänlere, hakykat ýolunda ýöräp başlanlara ýa-da büdränlere ruhy taýdan kömek eder ýaly, ýaşulular ýürekden alada edýärler (Fil. 2:4; 1 Sel. 5:12—14).
2. Näme üçin ýaşululara Hudaýyň «sylagy» diýse bolar?
2 Dünýäde bolýan wakalar bizi biynjalyk edende, bu çopanlar «ýelden buky, tupandan pena» ýaly goraýar. Biz özümizi ýadaw duýsak, gaýgy-aladalar bassa ýa-da göwünlige mätäç bolsak, olar bizi «gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolup» ruhlandyrýarlar (Iş. 32:2).
3. Ýehowa we Isa ýiten goýunlaryň aladasyny nädip edýär?
3 Yhlassyz wagyzçylary ruhlandyrýarlar. Ýaşulular yhlassyz wagyzçylara we wagyz etmeýänlere ýene-de olar ýygnagyň ähli işlerine yhlasly gatnaşar ýaly, güýjüni gaýgyrman kömek etmäge çalyşýarlar. Çopançylyk idegi edilenden soň wagyzçylaryň köpüsi ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşyp başlaýarlar we olar ruhy taýdan berkäp, ýene-de wagyz edýärler. Ýaşulularyň şeýle edýän tagallalaryndan Ýehowanyň mähirli aladasy we Isa Mesihiň yhlasly ýolbaşçylygy görünýär. Isa azaşan ýa-da ýiten goýunlaryň aladasyny edip, bize gowy görelde galdyrdy (Mat. 18:12—14; Ýahýa 10:16, 27—29).
4, 5. Ýaşulular ruhy taýdan gowşan dogan-uýalara nädip kömek edýär?
4 Ýaşulular goýunlaryň ruhy taýdan gowşap başlandygyny biljek bolup çalyşýar. Sustupeslere, yzygider ýygnaga gatnaşmaýanlara ýa-da az wagyz edip başlaýanlara ruhy taýdan kömek gerek bolýar. Ýaşulular dünýewi egin-eşigi we daş-keşbini gowy görüp başlaýan ýa-da ýygnagy tankytlap başlaýan dogan-uýalara kömek etmäge jan edýär. Aladaçyl ýaşulular şeýle dogan-uýalar ýene-de Ýehowa bolan söýgüsini artdyrar ýaly kömek etmek üçin ak ýürekden we mähirli bolup, «öz janyny-da bermäge razy» (1 Sel. 2:8).
5 Käbir Hudaýa özüni bagyş eden mesihçiler saglyk ýagdaýynyň erbetleşmegi, ykdysady kynçylyklar ýa-da maşgalasyndaky kynçylyklar sebäpli ýygnakdan arany açyp, ruhy taýdan gowşap başlaýarlar. Ýaşulular olary tankytlaman, Ýehowanyň ähli goýunlarynyň aladasyny edip, kyn pursatlarda goldaýandygyny mähirli düşündirýär (Zeb. 55:22; 1 Pet. 5:7). Ünsli ýaşulular goýunlara eger olar «Hudaýa ýakynlaşsalar», onuň hem olara ýakynlaşyp, göwünlik berjekdigini we goldajakdygyny düşünmäge ýardam edýär (Ýakup 4:8; Zeb. 22:3, 4).
6. Ýaşulular ýarawsyz dogan-uýalaryň nädip aladasyny edýär?
6 Ejizleri goldamak. Söýgüden doly ýaşulular üns berilmeýän dogan-uýalaryň hem aladasyny edýärler. Her bir ýygnakda ejiz we ýarawsyz dogan-uýalar bar, belki, olar garrylar öýünde ýa-da kesel bejeriş jaýlarynda ýaşaýandyr. Elbetde, şeýle ýagdaýda olar wagyz edip bilmeýär. Belki, olar beýleki ýarawsyz adamlara, habaryny alýanlara we seredýänlere wagyz edýändir. Muňa garamazdan, olaryň wagyz işine goşýan goşandy gymmat saýylýar (Mat. 25:15). Eger olar 15 minut wagyz etseler-de, hasabat bermeli, şonda olar yzygider wagyzçy hasaplanar.
7. Ýaşulular Ýatlama agşamy döwri näme edýär?
7 «Adamlar görnüşindäki sylaglar», esasanam, ýaz aýlary Ýatlama agşamy geçirilýän döwri dogan-uýalaryň ruhy zerurlyklaryna ünsli bolýar. Şol döwür ýaşulular üçin sürüden azaşan dogan-uýalaryň ählisine şatlanmaga hem-de kalbynda rahatlyk duýmaga kömek etmek üçin iň amatly wagt hasaplanýar. Şeýle şatlygy we rahatlygy diňe ýygnakda tapyp bolýar. «Imanlylar içerisi», ýagny şol dogan-uýalar ýygnak duşuşyklaryna gelende we wagyz edip, töleg gurbanyna iman edýändigini subut edende, biziň ählimiz begenýäris (Gal. 6:10; Luka 15:4—7; Ýahýa 10:11, 14).