«Doganlary söýüň»
Bu ylhamly sözleriň ýazylanyna takmynan 2 müň ýyl geçdi (1 Pet. 2:17). Emma bu maslahata eýermek şu günler has-da wajyp! Bütindünýä doganlygymyzy nädip söýüp bileris? Bu söýgüsiz dünýäde söýgimiz sowaşmaz ýaly näme etse bolar? (Mat. 24:12). «Bütindünýä doganlygymyz» diýen filmi görüp, şu aşakdaky soraglara jogap beriň.
1. Biz haçan mesihçiler doganlygynyň agzasy bolduk? 2. Biz doganlarymyza haýsy üç ýagdaýda doganlyk söýgüsini görkezýäris? 3. Doganlarymyz a) Alýaskanyň çola ýerlerinde, b) Ýewropanyň gämi duralgalarynda we ç) Perunyň tokaýlarynda nädip wagyz edýärler? 4. Biz näme üçin wagza bolmaly zat ýaly garamaly däl? 5. Ýehowanyň Güwäçileriniň a) ýer titremeden, b) harasatdan, ç) graždanlyk urşundan soň bir-birlerine teselli berendigi we goldandygy barada mysallary getiriň. 6. Biziň ählimiz mesihçiler doganlygyna degişlidigimizi nädip görkezip bileris? (Ýahýa 13:35). 7. Patyşalyk zallaryny doganlar bilen gurmagyň näme peýdasy bar? 8. Gündogar Ýewropadaky we Russiýadaky doganlarymyz wagyz işi gadagan edilen döwürde nädip imanyny gowşatmadylar? 9. Güwäçileriň köpüsi kongreslere gatnaşmak üçin nähili tagalla etdiler we näme üçin? 10. Bu wideofilm saňa a) mesihçiler ýygnagyndaky doganlar bilen agzybirlikde Ýehowa sežde etmäge, b) mätäçlere kömek etmäge we ç) islendik ýerde we mümkin boldugyndan, hemişe wagyz etmäge nädip kömek eder? 11. Sen wagyzda bu filmi nädip we haçan görkezip bilersiň?
Biz, esasanam, Ýehowany söýýänligimiz üçin mesihçileriň doganlygyna goşuldyk. Biz Ýehowa barada gürrüň bermegi we öwretmegi gowy görýäris. Biz Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýýäris. Olara mätäç wagty kömek edip, Hudaýdan sylaga garaşmaýarys. Gaýtam, biz Ýehowa minnetdar, çünki mesihçiler doganlygyna Hudaýdan gymmat sowgat hökmünde garaýarys. Bu söýgüsiz dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, geliň, mesihçiler doganlygyna bolan söýgimizi görkezeliň!