Bildiriş
◼ Ýatlama agşamy 2013-nji ýylyň mart aýynyň 26-syna, sişenbe güni geçiriler. Ýygnagyňyzyň duşuşyklary Ýatlama agşamy geçirilýän güne düşse, onda ony hepdäniň başga bir gününe geçirmeli. Eger-de Gulluk duşuşygyny geçirip bolmaýan bolsa, ýaşulular maslahatynyň koordinatory ýygnagyňyz üçin zerur dokladlary we çykyşlary aýyň dowamynda geçirer ýaly programmany üýtgetmeli. Aýlanýan gözegçi ýygnaga gelse, ähli duşuşyklary bolmalysy ýaly geçirmek üçin, sişenbe günki duşuşygy başga güne geçirmeli.