Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/13 sah. 5
  • Netijeli kampaniýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Netijeli kampaniýa
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Kongrese çagyrmak üçin geçirilýän kampaniýa
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • «Isa Mesihe eýeriň!» kongresine çagyrmagyň bütindünýä kampaniýasy
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • 17-nji martdan başlap Ýatlama agşamyna çagyrýarys
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 4/13 sah. 5

Netijeli kampaniýa

Kongres başlanmazyndan üç hepde öň ýygnaklar ýene-de territoriýasynda ýaşaýan adamlary oňa çagyrmak üçin kampaniýa gatnaşarlar. Her ýylky kampaniýa gatnaşmaga gowy sebäp bar. Çakylygy alyp, kongrese gelenlere Mukaddes Ýazgylara esaslanan dokladlar, meýletin gulluk edýänleriň ähli zady tertipli gurnamagy we özümizi alyp barşymyz hem-de agzybirligimiz köplenç täsir edýär (Zeb. 110:3; 133:1; Iş. 65:13, 14). Hatda gyzyklanýan adamlara kongrese barmak uzak bolýan ýerlerde-de, kampaniýamyz netijeli bolýarmy?

2011-nji ýylyň welaýat kongresinden soň, gapysynyň agzyndan çakylygy tapan bir aýal filiala hat ýazýar. Ol Ýehowanyň Güwäçileri gapysyny kakanda, hemişe gizlenýärdi. Şol aýal şeýle ýazýar: «Meniň owadan jaýym, gowy ärim we bagtly bolar ýaly ähli zadym bardy. Emma men bagtly däldim we durmuşym hem manysyzdy. Şol sebäpli men 320 km ýol ýöräp, şenbe günki programmany diňlemäge gitdim». Kongres oňa şeýle ýarady welin, ol ärine jaň edip, ýene-de bir gije ýatyrlaýyn galyp, ýekşenbe günki kongrese hem barjakdygyny aýtdy. Ol şeýle ýazýar: «Men ähli dokladlary diňledim, köp Ýehowanyň Güwäçileri bilen tanyşdym we hemişe olaryň arasynda bolmagy ýüregime düwdüm». Ol öýüne gelenden soň, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlady we dört aýdan çokundyrylmadyk wagyzçy boldy. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men gapymyň agzyndan çakylygy tapanyma begenýärin, sebäbi indi durmuşym manyly boldy!»

Çakylygy alanlaryň käbiri kongrese geler. Şol sebäpli bu wajyp kampaniýa yhlasly gatnaşyň. Galan çakylyklary kongres bolýan şähere baranyňyzda, resmi däl ýagdaýda wagyz edip ýaýradyň.

[5-nji sahypadaky çarçuwa]

Çakylygy nädip hödürlemeli?

Territoriýamyzda çakylyklary paýlap ýetişer ýaly, gysga hödür etmeli. Biz şeýle diýip bileris: «Salam. Şu günler bütin dünýäde adamlara wajyp çakylyk paýlanýar. Bu çakylygy size berýärin. Siz şu çakylykdan jikme-jiklikleri bilersiňiz». Muny yhlasly gürrüň ber. Dynç günleri kampaniýa gatnaşanymyzda, ýagdaýa görä, žurnal hem hödürlemeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş