Bu kime gyzykly bolarka?
1. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny okanymyzda näme barada oýlanmaly we näme üçin?
1 «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary taýýarlananda, dünýädäki ähli adamlar göz öňünde tutulýar. Şol sebäpli olarda dürli temaly makalalar bar. Biz her makalany okanymyzda, ony adamlara teklip etmek üçin: «Bu kime gyzykly bolarka?» diýen sorag barada oýlanmaly.
2. Žurnallarymyzdaky haýsy temalar käbir adamlara has gyzykly bolup biler?
2 Ýaňy-ýakynda işgärleriň bilen gürrüň eden temaň barada soňky «Garawul diňinde» aýdylýarmy? Belki, maşgala hakyndaky makala dogan-garyndaşlaryňa kömek eder? «Oýanyň!» žurnalynda aýdylan ýurda gezelenje gitjek bolýan tanyşlaryň barmy? Žurnallaryň birinde belli bir kärhana ýa-da bir döwlet edarasy barada aýdylýarmy? Meselem, garrylar öýünde işleýänler üçin garry adamlaryň duş gelýän kynçylyklaryna seredilýän žurnal örän gyzykly bolar. Adamlaryň hukugyny goraýan edaralaryň işgärlerine bolsa, jenaýatçylyk barada temalar gyzykly bolmagy mümkin.
3. Adamy gyzyklandyraýjak žurnalyň ýörite sanyny hödür etmegiň näme üçin peýdalydygyny gürrüň ber.
3 Netijesi. 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň «Çagany nädip jogapkärli adam edip terbiýelemeli?» diýen sanyny alansoň, Günorta Afrikaly bir mesihçi är-aýal territoriýasyndaky 25 mekdebe jaň etdiler. Bu mekdepler 22 sany žurnaly alyp, okuwçylaryna paýladylar. Başga bir mesihçi är-aýal hem territoriýasyndaky mekdeplerde žurnallary hödürlemek üçin jaň etdiler. Bir mekdebiň mugallymlary hepdede bir gezek şol žurnal boýunça sapak hem geçdiler. Mesihçi är-aýal muny aýlanýan gözegçä gürrüň berdiler. Aýlanýan gözegçi bolsa, etrabynyň ýygnaklaryndaky dogan-uýalara territoriýasyndaky mekdeplere žurnaly şeýle hödür etmegi maslahat berdi. Filialdan şol žurnaly ýene-de ibermegi haýyş edendikleri üçin, žurnal täzeden neşir edildi!
4. Biz näme üçin žurnallary hemme ýerde ýaýratmak isleýäris?
4 Žurnallarymyzda diňe bir häzirki wakalaryň näme üçin bolýandygyna däl, eýsem, Mukaddes Ýazgylara we Hudaýyň Patyşalygyna üns berilýär. Ýer ýüzünde diňe şu žurnallarda gutulyş barada yglan edilýär (Iş. 52:7). Şol sebäpli biz olary hemme ýerde ýaýratmak isleýäris. Biz özümize: «Bu kime gyzykly bolarka?» diýen soragy bersek, olary gowy ýaýradyp bileris.