Sowally bukja
◼ Çokundyrylmadyk wagyzça suwda çokundyrylmaga rugsat berler ýaly, ol ýygnaga we wagza nähili gatnaşmaly?
Adam suwda çokundyrylmak bilen iň wajyp karara gelýär. Şol sebäpli ol suwda çokundyrylmanka, Hudaýyň ondan näme talap edýändigine gowy düşünmeli. Onsoňam, ol Hudaýyň talaplaryna görä ýaşamagy berk ýüregine düwendigini iş ýüzünde görkezmeli.
Mesihçilere ýygnak duşuşyklaryny goýmazlyk tabşyryldy. Şol sebäpli suwda çokundyrylmadyk wagyzçy hem ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmaly (Ýew. 10:24, 25). Şeýle-de ol ýygnak duşuşyklarynda jogap bermeli. Teokratik gulluk mekdebine ýazylmak hökman bolmasa-da, belki, ol ýazylandyr.
Mesihçilere hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi hem ynanylandygy üçin, wagyzçy hem suwda çokundyrylmanka, yzygider wagyz etmeli (Mat. 24:14; 28:19, 20). Ol suwda çokundyrylmak üçin näçe aý wagyzçy bolmaly? Elbetde, her aý yzygider we yhlasly gulluk etmegi berk ýüregine düwendigini görkezmek üçin, oňa ýeterlikli wagt berilmeli (Zeb. 78:37). Emma ol wagyzçy bolansoň, suwda çokundyrylmaga taýyn bolar ýaly, oňa kän wagt däl-de, birnäçe aý hem ýeterlikdir. Ol her aý näçe sagat tabşyrmaly? Munuň üçin berk düzgün ýok. Ýaşulular her bir wagyzçynyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, paýhasly bolmaly (Luka 21:1—4).
Ýaşulular (ýa-da ýygnakda ýaşuly örän az bolsa, gulluk hyzmatçylary) suwda çokundyrylmak isleýän wagyzçy bilen duşuşanda, onuň suwda çokundyrylmaga taýyndygyny kesgitlär ýaly, her bir adamyň ýagdaýynyň tapawutlanýandygyny unutman, paýhasly bolmaly. Olar wagyzçynyň hakykatdanam Ýehowanyň Güwäçisi bolmak isleýändigine we Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolup wagyz etmegi uly hormat saýýandygyna umyt edýärler. Ýaşulular onuň entek ruhy taýdan ýetişen we tejribeli çokundyrylan wagyzçy däldigine düşünýär. Eger ýaşulular wagyzçynyň suwda çokundyrylmaga taýyn däldigini bilseler, onda olar gelen kararyny Mukaddes Ýazgylaryň esasynda oňa mähirli düşündirmeli we ruhy taýdan kömek etmeli.