Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/13 sah. 2—3
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçir

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçir
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • «Hudaýyň hoş habary» diýen broşýurany nädip geçmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • «Şu günler Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany nädip geçmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany nädip ulanmaly?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura arkaly öwrediň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 9/13 sah. 2—3

Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçir

1 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama mesihçi bolmaga kömek etmek üçin taýýarlanmaly we gowy planlaşdyrmaly. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamagyň we geçirmegiň maksady okuw geçýän adama Isanyň yhlasly şägirdi bolmaga kömek etmek bolmaly (Mat. 13:23). Şol sebäpli biz olara Isanyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmeli (Mat. 28:19, 20). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama sapagyň her hepde geçirilýändigini we Hudaýyň Sözünden esasy bilimi alýandygyny düşündir. Şeýle-de alýan bilimini durmuşynda ulanmalydygyny hem sypaýyçylykly düşündir (Sül. tym. 22:17; Flp. 3:16). Ýöne ol nähili üstünlikler etmeli?

2 Wagyzçy Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň nähili üstünlikler edendigi barada wagtal-wagtal oýlanmaly. Ol sapaga öňünden taýýarlyk görende, sözleri abzasda getirilmedik, ýöne ýaýyň içinde görkezilen aýatlary okaýarmy? (Res. iş. 17:11; 1 Sel. 2:13). Ol öz sözleri bilen jogap berýärmi we onuň jogaplarynda Mukaddes Ýazgylardan bilýän hakykata çuňňur minnetdarlygy görünýärmi? (Sül. tym. 2:1—6). Oňa Hudaýyň Sözüni we guramanyň edebiýatlaryny goşmaça okamagy maslahat berip bolarmy? Ol ruhy taýdan ösüp, gündeki aýady okaýarmy?

3 Onuň gepleýşinden, özüni alyp barşyndan we garaýşyndan Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşaýandygy görünýärmi? (1 Kor. 6:9, 10). Ol häsiýetlerini gowulandyrmak üçin jan edýärmi? (Efes. 4:22—24). Ol Hudaýyň hakykatyna örän minnetdar bolup, öwrenen zatlaryny garyndaşlaryna, işdeşlerine ýa-da goňşularyna gürrüň berýärmi? (Luka 6:45). Ol saglygynyň we ýagdaýynyň ýetdiginden, ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmak üçin elinde baryny edýärmi? (Ýew. 10:23—25). Sapak geçýän adam şu zatlary edip, käbir üstünlikler gazanan bolsa, onda ol «özünde ekilen.. sözi» kabul edýär (Ýakup 1:21).

4 Mukaddes Ýazgylar okuwy netijesiz bolsa nädip goýmaly? Sen birnäçe wagt Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçiren bolsaň, sapak geçýän adam hem hiç hili üstünlik etmese, başga mynasyp adamlary tapyp, şolara wagtyňy sarp etseň gowy bolar (Mat. 10:11—13). Ýagdaýa görä, okuw geçmegi goýsaň, paýhasly bolar. Sapak geçen adama eden üstünlikleri üçin ýürekden öwgüli sözleri aýt. Emma Mukaddes Ýazgylardan alan hakykat bilimini durmuşda ulanmalydygyny oňa düşündir. Isanyň ekin tymsalyndaky dört topragy ara alyp maslahatlaş we bu tymsalda Hudaýyň Patyşalygy baradaky habara gowy seslenmegiň nygtalýandygyny görkez. Belki, bu sapak geçýän adama ruhy taýdan ösmäge näme päsgel berýändigini bilmäge kömek eder. Sen nämelere üns berendigiňi aýdyp bilersiň. Mähirli, ýöne göni we açyk gürleş (1 Kor. 14:8, 9). Eger ol özgerişler etse, sapagy ýene-de geçip biljekdigiňi aýt. Şeýle-de ony goldamak üçin käwagt idäp durjakdygyňy hem aýt.

5 Eger sen ýygnagyň territoriýasynda öň sapak geçen adamlara duşsaň, olaryň näçe wagt we kim bilen sapak geçendigini bilseň gowy bolar. Olar näme üçin okuw geçmegini goýdularka? Sen okuwa başlamankaň, onuň bilen öň sapak geçen wagyzçyny tanaýan bolsaň, onda şol wagyzçy we wagyz gözegçisi bilen gürleşseň gowy bolardy. Belki, sen gyzyklanýan adam barada käbir zatlary bilýän dälsiň. Käbir gyzyklanýanlar ençeme ýyllap her hili wagyzçylar bilen sapak geçip, hiç hili üstünlikler etmeýärler. Biziň maksadymyz bolsa, ak ýürekden hakykat bilen gyzyklanýan adamlara kömek etmek.

6 Eger sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny goýmak isleseň ýa-da öň goýlan okuwa ýene-de başlajak bolsaň, şol adam bilen «Garawul diňiniň» «Seniň üçin iň wajyp şahsyýet kim?» (w11 15.5 s. 16—20) ýa-da «Sen Isa Mesihiň yzyna doly eýerýärmiň?» (w10 15.4. s. 24—28) diýen makalalardan peýdaly pikirlere bile seretseň gowy bolar. Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny has ökdelik bilen geçirmegi öwrensek, ýene-de örän köp adamlar hakykaty biler. Bu olara Ýehowa Hudaý bilen dostlaşmaga we iň soňy ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek eder (Flp. 4:9; Ýahýa 17:3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş