Siz baýramçylyk günleri näme etmekçi?
Adamlaryň köpüsi dini we milli baýramçylyk günleri öýünde bolýarlar. Şol sebäpli köplenç wagyz etmäge gowy mümkinçilik bolýar. Ýygnaklara baýramçylyk günleri wagyz eder ýaly aýratyn özgerişler etmek maslahat berilýär. Baýramçylyk günleri adamlaryň köpüsi gijräk turýar. Şonuň üçin wagyz duşuşygynyň wagty üýtgedilse gowy bolar. Ýygnakda gulluk duşuşygynda baýramçylyk günleri wagyz etmek üçin aýratyn özgerişler bildiriş edilip, ähli wagyzçylara wagza gatnaşmak maslahat berler. Elbetde, bizem baýramçylyk günleri dynç alyp, öz işlerimizi edip bileris. Emma günuzyn dynç almagyň deregine, ýarym gün gulluk etsek, gowy bolmazmy? Şonda siz mukaddes gullukdan şatlyk tapyp ruhlanarsyňyz (Mat. 11:29, 30).