Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/13 sah. 1
  • Hoşea pygamberden görelde alyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoşea pygamberden görelde alyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Hoşeanyň pygamberligi Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýehowa bilen ýöre-de, ýagşylyk or
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • «Ýehowanyň ýollary gönüdir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 11/13 sah. 1

Hoşea pygamberden görelde alyň

1. Siz özüňize nähili sorag berip gördüňiz?

1 Siz Ýehowanyň edýän ýagşylyklary we rehimdarlygy barada oýlanyp: «Men Ýehowa üçin nämelerden geçmäge taýyn?» diýen soragy beren bolsaňyz gerek (Zeb. 103:2—4; 116:12). Hoşea pygamber Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmek üçin köp zatlardan geçmäge taýyndy. Biz Hoşea pygamberden nädip görelde alyp bileris?

2. Biz Hoşea pygamberden nädip görelde alyp bileris?

2 Kyn ýagdaýlarda-da wagyz ediň. Hoşea pygamber köplenç on taýpaly ysraýyl halkyna wagyz edýärdi. Ol ýerde Ýehowa sežde edýän adamlar örän azdy. Ýarabgam patyşa halky Ýarabgam II-iň ýasan gölesine sežde etdirip, Ýehowanyň nazarynda ýigrenji iş etdi (2 Pat. 14:23, 24). Ýarabgamdan soňky patyşalaryň ýaşan döwründe hem halk Ýehowadan örän daşlaşdy. Bu ýagdaý tä b. e. öň 740-njy ýylda on taýpaly ysraýyl halky ýok edilýänçä dowam etdi. Ýalan diniň giňden ýaýrandygyna garamazdan, Hoşea pygamber takmynan 59 ýyl Hudaýa wepaly gulluk etdi. Şu günler biz hem ýyllar boýy adamlaryň biperwaýlygyna ýa-da garşylygyna duş gelýäris. Emma biz wagyz etmegi berk ýüregimize düwdük (2 Tim. 4:2).

3. Hoşea bilen bolan waka Ýehowanyň rehimdarlygyny nädip görkezýär?

3 Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny unutmaň. Ýehowa Hoşea pygambere: «Zynagär aýala öýlen» diýdi (Hoş. 1:2). Hoşeanyň aýaly Gomer oňa bir ogul dogrup berdi. Emma Gomer soňky iki çagasyny zynadan dogran bolmaly. Hoşeanyň aýalyny ýürekden bagyşlamagy, Ýehowanyň toba eden azgyn ysraýyllylara rehimdarlyk edendigini görkezýär (Hoş. 3:1; Rim. 9:22—26). Biz hem ähli adamlara Ýehowanyň rehimdarlygyny bildirmek üçin gowy görýän zatlarymyzdan geçmäge taýynmy? (1 Kor. 9:19—23).

4. Biz Ýehowa gulluk etmek üçin nämelerden geçip bileris?

4 Ýehowanyň käbir gullukçylary köpräk wagyz etmek üçin girdejili işinden geçdiler. Käbirleri bolsa, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmak üçin maşgala gurmadylar ýa-da çaga edinmediler. Biz hem Hoşea pygamber barada oýlananymyzda: «Onuň ýaly bolup bilmerin» diýmegimiz mümkin. Ýöne Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolsak we mukaddes ruhy dilesek, biziň başarmajak zadymyz bolmaz (Mat. 19:26; Flp. 2:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş