Wagyz mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2013-nji ýylyň 30-njy dekabryndan başlanýan hepdede Wagyz mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Ýaýdaky sene berlen soragyň haçan seredilendigini görkezýär.
1. Maşgalada we ýygnakda Ýehowa wepalylygymyz nädip synalyp biler? (Titus 1:14) (4 noýa., w12 15.4 sah. 12 abz. 16)
2. Filimun 4, 5 we 7-nji aýatlardaky Pawlus resulyň Filimun barada aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris? (4 noýa., w08 15.10 sah. 31, abz. 1, 2; w92-U 15.4 s. 25, abz. 2)
3. Hudaýyň dynçlygyna nädip girip bileris? (Ýew. 4:9—11) (11 noýa., w11 15.7 sah. 28, abz. 16, 17)
4. «Aryp, ruhdan düşmezlige» näme kömek edýär? (Ýew. 12:3) (25 noýa., w13 15.4 sah. 27 abz. 2)
5. Näme üçin Ýakup: «Akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji» diýdi? (Ýakup 3:17) (11 noýa., w11 15.8 sah. 30, 31, abz. 15)
6. Haýsy «ölülere» hoş habar yglan edildi? (1 Pet. 4:6) (2 dek., w08 15.11 sah. 21, abz 8)
7. 1 Ýahýa 2:7, 8-nji aýatlarda Ýahýa haýsy buýruga hem «täze», hem «gadymky» diýýär? (9 dek., w08 15.12 sah. 27, abz. 6)
8. «Alfa we Omega», «Ilkinji hem soňky» diýen atlar kime degişli? (Ylham 1:8, 17) (16 dek., w09 15.1 sah. 30, abz. 6)
9. Ýehowa halkyny ruhy howplardan nädip goraýar? (Ylh. 14:6) (23 dek., w10 15.1 sah. 4, abz. 13)
10. Näme üçin Ýehowanyň gullukçysy bolmak uly hormat we siz muňa nähili garaýarsyňyz? (Ylh. 22:17) (30 dek., w13 15.5. sah. 8, abz. 2)