Ýygnagyň gözegçileri — kätip
1. Kätibiň ýerine ýetirýän borjy näme üçin wajyp?
1 Ýygnagyň kätibi ähli zadyň «sypaýyçylykly hem tertipli» bolmagy üçin wajyp borjy ýerine ýetirýär (1 Kor. 14:40). Ol gulluk komitetiniň agzasy hökmünde ýygnagyň hat-petek işlerine jogap berýär. Belki-de, onuň edýän işi beýleki ýaşulularyňky ýaly göze ilýän hem däldir, ýöne ol örän zerur we wajyp ýumşy ýerine ýetirýär.
2. Kätip nähili göze ilmeýän işleri edýär?
2 Ýygnaga guramamyz tarapyndan ýa-da başga ýerlerden hat gelende, kätip olar bilen tanyşýar we berlen görkezmäniň ýerine ýetirilmeginiň aladasyny edýär. Ol ýygnaga gelen hatlary ähli ýaşulularyň okandygyna göz ýetirenden soňra, olary ýygnagyň dokumentleriniň arasynda goýýar. Kätip sargyt edilen edebiýatlaryň we žurnallaryň blankasyny barlaýar hem-de ony guramamyza iberýär. Onuň hut özi ýygnagyň hasabatyny ýöredýän doganlara we kongres bilen bagly meseleleriň ählisine gözegçilik edýär.
3. Biz kätibi nädip goldap bileris?
3 Kätip ýygnagyň wagyz gullugy baradaky hasabatyny her aýyň 3-inden gijä galman gurama tabşyrmaly. Şol sebäpli biziň ählimiz her aýyň ahyrynda wagyz üçin sarp eden wagtymyzyň hasabatyny bermeli. Şondan soňra kätip olary ýygnagyň wagyzçylarynyň hasabat kartoçkasyna ýazýar. Wagyzçylaryň her biri wagyz gullugy baradaky hasabatyny görmek üçin kätibe ýüz tutup bilerler.
4. Kätip wagyzçy bir ýygnakdan başga ýygnaga geçse näme etmeli?
4 Bir ýygnagyň wagyzçysy beýleki ýygnaga geçende, kätip onuň wagyz gullugy baradaky kartoçkasyny we onuň häsiýetnamasyny iberýär ýa-da öz ýygnagyna geçen wagyzçynyň kartoçkasy bilen häsiýetnamasyny şol ýygnagyň ýaşulularyndan soraýar. («Guramaçylykly» rus. sah. 87, 88).
5, 6. Kätip ýygnakdaky her bir dogan-uýa nädip kömek edýär?
5 Kätip pionerleriň gullugyna gözegçilik edýär we olarda döreýän ähli kynçylyklary ýaşululara, esasan-da, wagyz gözegçisine habar berýär. Ol ýygnagyň yzygiderli wagyz etmeýän wagyzçysy barada toparyň gözegçisine aýdýar. Kätip we wagyz gözegçisi yhlassyz wagyzçylaryň aladasyny edýär («Hudaýa gullugymyz» rus. iýun 1996 ý. sah. 1).
6 Geliň, kätibiň edýän işlerini gymmat saýalyň we oňa borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek edeliň (1 Kor. 4:2).