Nahum pygamberden görelde alyň
1. Biz Nahum kitabyndan näme öwrenip bileris?
1 Nahum pygamber gadymy Ninewe şäheriniň weýran ediljekdigini pygamberlik edipdi. Bu şäheriň ýykylmagy Ýehowanyň duşmanlaryndan ar aljakdygyny we hiç kimiň Oňa garşy çykyp bilmejekdigini subut edýär (Nah. 1:2, 6). Biz Nahumyň pygamberligini ünsli öwrensek, gullugymyza kömek edýän köp zatlary bileris.
2. Biz näme üçin hoş habary ynamly wagyz etmeli?
2 Teselli beriň we umyt etmäge kömek ediň. Nahum kitabyny okanyňda, onda diňe gadymy Assiriýanyň paýtagty Ninewe şäherine çykarylan höküm barada gürrüň berilýän ýaly görünýär (Nah. 1:1; 3:7). Emma bu höküm Ýehowanyň halky üçin şatlykly habardy. Nahum pygamberiň ady «göwünlik beriji» diýmegi aňladýar. Ol ýehudylara duşmanlarynyň tizden ýok boljakdygyny aýdyp, göwünlik berýärdi. Nahum pygamber Ýehowanyň halkyna «betbagtçylyga» uçranda, kömek etjekdigine ynanýardy (Nah. 1:7). Biz hem adamlara hoş habary wagyz edenimizde, olary Ýehowa bil baglamaga höweslendirýäris (Nah. 1:15).
3. Biz Nahum pygamberiň mysallary ulanyşyndan näme öwrenip bileris?
3 Mysallary ulanyň. Ýehowa Nahum pygambere Ninewäniň weýran edilşini Assiriýa tarapyndan ýok edilen gadymy Müsürdäki No-Amon şäheriniňki ýaly boljakdygyny aýtmagy tabşyrdy (Nah. 3:8—10). Biz hem adamlara zalym dünýäniň ýok ediljekdigini aýdanymyzda, Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, Ýehowanyň aýdan her bir sözüniň jikme-jik ýerine ýetendigini gürrüň berip bileris. Meselem, b. e. öň 632-nji ýylda babyllylar we midiýanlylar Ninewe şäherini basyp aljak bolanlarynda, güýçli ýagyş zerarly Tigr derýasy suwdan dolup joşup, şäheriň belent diwarlary ýumrulýar. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ninewe tiz basylyp alyndy (Nah. 1:8; 2:6).
4. Biz nädip aýdyň we düşnükli wagyz edip bileris?
4 Aýdyň we düşnükli wagyz ediň. Nahum kitaby aýdyň, düşnükli we täsirli ýazylypdyr (Nah. 1:14; 3:1). Biz hem wagyz edenimizde, sada we düşnükli geplemeli (1 Kor. 14:9). Siz adamyň öýüne ilkinji gezek baranyňyzda, oňa näme üçin gelendigiňizi anyk düşündiriň. Siz adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, olara Ýehowa we onuň Sözüne imanyny berkitmäge hem-de alýan bilimleri üçin minnetdar bolmaga kömek ediň (Rim. 10:14).
5. Nahumyň pygamberligi bizi näme üçin ruhlandyrýar?
5 Nahum pygamberiň kitabyndan onuň Ýehowanyň Sözüniň hökman ýerine ýetjekdigine ynanandygy aýdyň görünýär. Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlaşdygyça, bize Ýehowanyň: «Rebbiň garşysyna näme dildüwşük gurasalar-da, Ol hemmesini ýok eder, muşakgat ikilenç inmez» diýen sözleri teselli berýär (Nah. 1:9).