Ünsüňizi şägirt taýýarlamaga gönükdiriň
1. Adamlaryň halas bolmagy üçin näme etmeli?
1 2014-nji gulluk ýylynyň hasabatyndan Hudaýyň halkynyň Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly we tutanýerli wagyz edendigi görünýär (Mat. 24:14). Biz öýden-öýe we köpçülik ýerlerinde wagyz edip, çakylyk hem-de kitapçalary paýlamak üçin ýörite kampaniýalara gatnaşyp, öňküdenem has köp adamlara hoş habary ýetirýäris. Muňa garamazdan, adamlary halas etmek üçin, olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmeli (1 Tim. 2:4).
2. Biz özümize haýsy soraglary bersek, Mukaddes Ýazgylar okuwyny hemişe hödürlemegiň wajypdygyna düşünmäge kömek eder?
2 Mukaddes Ýazgylar okuwyny hemişe hödürläň. Adam gyzyklansa, onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlamak üçin, salgysyny alyp, derrew ikilenç ideg etmäge tagalla edýärsiňizmi? Siz haçan soňky sapar wagyz edeniňizde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürläpdiňiz? Soňky sapar haçan Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nädip geçirilýändigini görkezipdiňiz? Ikilenç ideg edeniňizde, haçan soňky sapar Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edipdiňiz? Işdeşleriňize, klasdaşlaryňyza, goňşularyňyza, dogan-garyndaşlaryňyza we tanyş-bilişleriňize «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» hem-de «Mukaddes Ýazgylar okuwy nädip geçirilýär?» atly wideorolikleri görkezdiňizmi?
3. Hakykaty ökdelik bilen öwreder ýaly näme etmeli?
3 Ýehowa bilen Isanyň berýän kömegi. Isanyň «şägirt ediň» we «gidiň» diýen sözleri tagalla etmelidigimizi hem-de başyny özümiziň başlamalydygymyzy görkezýär. Ýöne ol bizi ýeke goýmajakdygyny wada berýär (Mat. 28:19, 20). Şeýle-de Ýehowa bize mukaddes ruhuny, esbaplary we adamlara hakykaty öwretmek üçin tälim berýär (Zak. 4:6; 2 Kor. 4:7). Bu wajyp işe gatnaşar ýaly, Ýehowadan «hem isleg, hem güýç» diläp bileris (Flp. 2:13).
4. Näme üçin bar ünsümizi şägirt taýýarlamak işine gönükdirmeli?
4 Hoş habary wagyz etmek köp şatlyk berýär. Biz adama hakykaty öwredip, «ýaşaýşa eltýän... ýola» getirenimizde, şatlygymyzyň çägi bolmaýar (Mat. 7:14; 1 Sel. 2:19, 20). Biz, esasanam, bar ünsümizi şägirt taýýarlamak işine gönükdirmeli, şonda «hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýän» Ýehowany begendireris (2 Pet. 3:9).