Hudaýyň Sözi durmuşyňyza täsir edýärmi?
Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okasak, «Mesihde kök urup... imanda berkemäge» kömek eder (Kol. 2:6, 7). Emma Ýehowanyň Sözi durmuşymyza täsir eder ýaly, biz okan zadymyz barada oýlanmaly we ondaky prinsiplere eýermeli (Ýew. 4:12; Ýakup 1:22—25). Ýeşuwa 1:8-de Hudaýyň Sözüni nädip okamalydygynyň üç aýratynlygy görkezilýär: 1) «gije-gündiz» okaň; 2) «dykgat bilen» okaň; 3) «ýazylanlaryň hemmesini» dykgat bilen ýerine ýetiriň. Biz şu maslahatlara eýersek, her gün «üstünlik we abadanlyk hemramyz bolar».