HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 7—11
«Ýüregiň onuň ýollaryna sowulmasyn»
Ýehowanyň kada-kanunlary bizi goraýar. Eger biz olary ýüregimizde saklasak, köp peýda berer (Sült 7:3). Emma mesihçi ýüregini Ýehowanyň kada-kanunlaryndan sowsa, Şeýtanyň assyrynlyk we mekirlik bilen gurýan duzaklaryna düşer. Süleýmanyň tymsallarynyň 7-nji babynda ýüregini diňläp aldanan ýaş ýigit barada gürrüň berilýär. Biz onuň ýalňyşyndan näme öwrenip bileris?
Şeýtan bäş duýuş organy arkaly günä etdirip, bizi Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar.
Akyldarlyk we düşünje günäniň ýetirýän zyýany barada oýlanmaga hem-de ruhy taýdan howp salýan zatlardan gaça durmaga kömek edýär.