HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 44—48
«Sen özüňe çendenaşa köp soramagyňy» bes et
Baruk patyşanyň köşgünde gulluk edýän bilimli adam bolan bolmaly. Ol Ýehowa sežde edip, Ýermeýa pygamberiň wepaly kömekçisi bolýar. Emma ol dogry garaýşyny saklap bilmeýär. Ol «özüne çendenaşa köp sorap başlaýar». Belki-de, ol patyşanyň köşgünde ýokary wezipäni eýelemek isländir ýa-da maddy zatlara gyzygandyr. Ol Iýerusalimiň başyna geljek heläkçilikden halas bolar ýaly nädogry garaýşyny üýtgetmelidi.