HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 49, 50
Ýehowa pesgöwünlileri bereketleýär, tekepbirleri bolsa jezalandyrýar
Ýehowa toba eden ysraýyllylary ýesirlikden azat edende, olar şatlykdan ýaňa aglarlar.
Olar Ýehowa bilen baglaşan ähtini täzeden dikelderler we hakyky seždäni dikelder ýaly Iýerusalime dolanmak üçin köp ýol sökerler.
Tekepbir Wawilon Ýehowanyň halkyna çendenaşa ýowuz daraşany üçin jezasyz galmaz.
Pygamberlik edilişi ýaly, Wawilonda mesgen tutulmaz.