Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb17 Dekabr sah. 5
  • Durmuş we wagyz duşuşygynyň täze aýratynlyklary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Durmuş we wagyz duşuşygynyň täze aýratynlyklary
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Meňzeş maglumat
  • Patyşa taýharly Iýerusalime girýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • A7-F Isa pygamberiň ömri — Isa Iýerusalimde ömrüniň soňky günlerini geçirýär (1-nji bölüm)
    Mukaddes Kitap
  • Ýehowa siziň «omyn» sözüňizi gymmat saýýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
mwb17 Dekabr sah. 5
«Täze Dünýä terjimesiniň» öwrenmek üçin niýetlenen görnüşindäki Mattanyň hoş habary

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Mesihçileriň durmuşy we wagzy duşuşygynyň täze aýratynlyklary

2018-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesini öwrenmek üçin» (nwtsty) diýen täze bölüm giriziler. Saýtymyzdan alnan bu bölüm siziň diliňizde bolmasa-da, ol ýygnak duşuşygynda öwrenilip, Ýazgylary çuňňur özleşdirmäge kömek eder. Onda maglumatlar we aýratynlyklar diýen bölüm bolar. Olar bize köp peýda getirer, iň wajyby bolsa söýgüden doly Atamyz Ýehowa has-da ýakynlaşdyrar.

MAGLUMATLAR

Onda köp aýatlarda agzalýan zatlaryň medeniýet, geografik we dil bilen bagly aýratynlyklary düşündiriler.

Matta 12:20

Sönüp barýan pelte: Adatça, çyra üçin ulanylýan gap kiçijik bolup, toýundan ýasalýardy we içine zeýtun ýagy guýulýardy. Çyradanyň içine zygyrdan edilen peltäni salyp ýakýardylar. Grek dilinden terjime edilen «sönüp barýan pelte» diýen jümle ujunda oduň uçgunjygy bolan tüsseläp duran peltäni aňladýar. Işaýa 42:3-de Isanyň adamlara duýgudaşlyk bildirjekdigi pygamberlik edilen; ol pesgöwünli we göwni synyk adamlaryň umydyny hiç haçan «söndürmez».

Matta 26:13

Dogrusyny aýdýaryn: Ýewreý dilinden alnan grekçe «amen», ýagny «omyn» diýen söz «goý, şeýle bolsun» ýa-da «hakykat» diýmegi aňladýar. Isa bir zady tassyklanda, wada berende ýa-da pygamberlik edende, aýdýan zatlarynyň dogrudygyny we ynama mynasypdygyny görkezmek üçin köplenç şu jümläni ulanýardy. Onuň «size dogrusyny aýdýaryn» ýa-da «omyn» diýen sözleri diňe Mukaddes Ýazgylarda duş gelýär. Ýahýanyň hoş habarynda Isanyň: «Dogrusyny aýdýaryn» diýen sözleri asyl nusgasynda «omyn, omyn» diýip, iki gezek gaýtalanýar (Ýah 1:51).

AÝRATYNLYKLAR

Suratlar, çeperçilik işleri, sessiz wideolar we galamly şekiller Mukaddes Ýazgylarda agzalýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär.

Befagiýa, Zeýtun dagy we Iýerusalim

Bu gysga wideoda häzirki Et-Tur obasyndan (ol Ýazgylarda agzalýan Befagiýa bolmaly) Iýerusalime eltýän ýol görkezilýär. Iýerusalimiň gündogar tarapyndaky bu oba Zeýtun dagynda ýerleşýär. Betaniýa bolsa Zeýtun dagynyň gündogar eňňidindäki Befagiýanyň gündogarynda ýerleşýärdi. Isa şägirtleri bilen Iýerusalime baranda, köplenç gijäni Betaniýada (häzirki ady El-Azariýa) geçirýärdi. Oňa arapça «Lazaryň ýaşaýan ýeri» hem diýilýär. Dogrudan-da, Isa Martanyň, Merýemiň we Lazaryň öýünde galýardy (Mt 21:17; Mr 11:11; Lk 21:37; Ýah 11:1). Ol Iýerusalime yzyna gaýtmaly bolanda, wideoda görkezilen ýol bilen ýörän bolmaly. B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 9-na Isa taýhara münüp, Zeýtun dagyndan Iýerusalime barýarka, Befagiýanyň üstünden geçen bolmaly.

Isa Betaniýadan Iýerusalime çenli şu tertipde aýlanan bolmaly
  1. Betaniýadan Befagiýa barýan ýol

  2. Befagiýa

  3. Zeýtun dagy

  4. Kidron jülgesi

  5. Ybadathana

Dabandaky çüý

Adamyň dabanyna kakylan çüý

Bu suratda bir adamyň dabanyna çüýlenen uzynlygy 11,5 sm bolan demir çüý görkezilen. Ol Rim imperiýasynyň döwrüne degişli bolup, 1968-nji ýylda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, Iýerusalimiň demirgazygyndan tapyldy. Şeýle çüýler jebir pürsünde jezalandyrylmaly adamlar üçin ulanylan bolmaly. Olar Rim esgerleriniň Isa Mesihi pürse çüýlemek üçin ulanan çüýüne meňzeş bolmaga çemeli. Şol gazuw-agtaryş işinde tapylan zatlar daşdan ýasalan gutynyň içindedi. Adatça, jezalandyrylan adamyň bedeni çüýränden soň, süňkleri guta salynýardy. Bu onuň jaýlanmalydygyny görkezýärdi (Mt 27:35).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş