HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 20, 21
«Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»
Gadymy döwürde ökde balykçylar sabyrly, zähmetsöýer we sylagyny almak üçin kynçylyklara döz gelmäge taýyn bolmalydylar (w12 8/1 sah. 18—20). Şeýle häsiýetler Petrusa-da ökde balykçy bolmaga kömek edip bilerdi. Emma Petrus nämäni birinji orunda goýmalydygy barada karara gelmelidi. Ol halaýan işini — balyk tutmagy ýa-da Isanyň şägirtlerini ruhy taýdan iýmitlendirmegi saýlamalydy.
Patyşalygyň işlerini birinji orunda goýmak üçin nähili özgerişikler edýärsiňiz?