HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 25, 26
Pawlus Sezara arz edýär, soňra ol Hirodes Agrippa patyşa wagyz edýär
Bizi «hökümdarlaryň we patyşalaryň öňüne» eltenlerinde, näme diýjekdigimizi alada etmeli bolmasak-da, umydymyz hakda sorag beren her kese jogap bermäge «taýyn bolmaly» (Mt 10:18—20; 1Pt 3:15). Bize garşy çykýan adamlar «kanunyň adyndan ýamanlyk etjek» bolsalar, Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Zb 94:20).
Hoş habary goramak üçin kanundan peýdalanýarys (Res 25:11).
Biz hökümet ýolbaşçylary bilen sylaşykly gürleşýäris (Res 26:2, 3).
Ýerlikli bolsa, hoş habaryň bize we başgalara nähili peýda berýändigini düşündirýäris (Res 26:11—20).