Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb19 Oktýabr sah. 7
  • Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýärsiňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýärsiňizmi?
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Meňzeş maglumat
  • Size kömek gerekmi?
    Oýanyň! — 2020
  • Resmi web-sahypamyz hemmelere peýdaly
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • JW.ORG saýtyndan gerekli maslahatlary tapyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Maşgala kömek edýän maslahatlar
    Oýanyň! — 2018
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
mwb19 Oktýabr sah. 7

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýärsiňizmi?

Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýyň sözleri we habary bar (2Pe 1:20, 21). Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, bize gowy gelejek garaşýar. Tizden Hudaýyň Patyşalygy ähli adamlary gowy ýaşaýşa ýetirer. Mukaddes Kitaby okap, gökdäki Atamyz Ýehowanyň häsiýetleri barada hem köp zatlary bilýäris (Zb 86:15).

Ýehowanyň Sözüni gymmat saýmagymyza ençeme sebäpler bar. Ýöne biz ony her gün okaýarysmy? Öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanýarysmy? Şeýtsek, Hudaýyň beren sowgadynyň gadyryny bilýändigimizi görkezeris. Geliň, bizem: «Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin» diýen mezmurçy ýaly, Mukaddes Kitaby gymmat saýýandygymyzy iş ýüzünde görkezeliň (Zb 119:97).

«OLAR MUKADDES ÝAZGYLARYŇ GADYRYNY BILÝÄRDILER» DIÝEN WIDEONYŇ UILÝAM TINDAL HAKDA PARÇASYNY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Uilýam Tindal. Uilýam Tindal çaphanasynda. Tindalyň terjime eden Injiliniň birinji neşiri

    Uilýam Tindal Mukaddes Kitabyň käbir parçalaryny näme üçin terjime etdi?

  • Tindal Mukaddes Kitabyň terjimesi üçin nähili tagallalary etdi?

  • Tindalyň terjimesi nädip Angliýa gizlin geçirildi?

  • Biz Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezip bileris?

OÝLANMAK ÜÇIN SORAG: Hudaýyň Sözi haýsy manyda...?

  • çyra we nur (Zb 119:105).

  • suw (Efs 5:26).

  • gylyç (Efs 6:17).

  • aýna (Ýak 1:23—25).

HUDAÝYŇ SÖZÜNI HER GÜN OKAŇ

Mukaddes Kitaby okamagyň gün tertibi

Siz jw.org saýtyndaky «Mukaddes Kitaby okamagyň gün tertibini» ulanyp gördüňizmi? Şol gün tertibini jw.org saýtyndan alyp, okamaly aýatlaryňyzy açyp bilersiňiz. Eger siziň diliňizde okamaly aýatlaryňyzyň audio ýazgysy bar bolsa, olary hem jw.org saýtyndan alyp bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş