MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýusup ýaly ahlaksyzlykdan gaçyň
Bizi ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolanlarynda, Ýusupdan görelde almaly. Potifaryň aýaly her gezek Ýusuby ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolýardy; ýöne Ýusup hiç yrylmaýardy (1Ms 39:7—10). Onuň: «Men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!» diýen sözleri Ýehowanyň är-aýalyň bir-birine wepaly bolmalydygy baradaky tabşyrygyny bilýändigini görkezdi. Muny bilýändigi üçin ol ahlaksyzlygyň duzagyna düşmedi. Ýusup Potifaryň aýalyna nämäniň-nämedigini düşündirip oturmady we özüni yrmaga ýol bermän gaçyp gitdi (1Ms 39:12; 1Kr 6:18).
«AHLAKSYZLYKDAN GAÇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Jin nähili ýagdaýa düşdi?
Mi Kiýoň matematikadan kömek etmegini soranda, Jin özüne nähili sorag berdi?
Mi Kiýoňyň haýyşy Jine nähili täsir etdi?
Jine kim kömek etdi?
Jin ahlaksyzlykdan daşda durmak üçin näme etdi?
Şu wideodan näme öwrendiňiz?