HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 33, 34
Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri
Musa pygamber Ýehowanyň häsiýetlerini gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol ysraýyl halkyna sabyrly bolýardy. Şonuň ýaly biz hem Ýehowany gowy tanasak, dogan-uýalara rehimdar bolarys.
«Rehimdar, mähirli». Ene-atalaryň çagalarynyň aladasyny edişi ýaly, Ýehowa hem özüne sežde edýän adamlaryň mähir bilen aladasyny edýär
«Giň göwünli». Ýehowa sabyrly bolup, halkyna ýalňyşlaryny düzetmäge mümkinçilik berýär
«Wepaly söýgä baý». Ýehowa halkyny ýürekden söýýär we hiç haçan biwepalyk etmeýär
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: Ýehowa ýaly nädip rehimdar we mähirli bolup bilerin?