MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek üçin noýabrda geçiriljek ýörite kampaniýa
Isa pygamber «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz edýärdi (Luk 4:43). Ol Patyşalyk hakda nädip doga etmelidigini öwretdi (Mat 6:9, 10). Biz hem tutuş noýabr aýynda Hudaýyň Patyşalygy barada köp adamlara wagyz etmäge jan ederis (Mat 24:14). Ýörite kampaniýa doly gatnaşmak üçin gün tertibiňizi düzüň. Şol aý kömekçi pioner bolup gulluk etmek isleýänler 30 ýa 50 sagat tabşyryp bilýärler.
Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Hudaýyň Patyşalygy baradaky aýatlary adamlara okap beriň. Olaryň uýýan dinini göz öňünde tutup, okajak aýatlaryňyzy saýlaň. Eger adam gyzyklansa, «Hudaýyň Patyşalygy barada eşitdiňizmi?» atly žurnaly beriň. Soňra mümkin boldugyndan tizden-tiz gaýtadan ideg ediň we «Okuw esbaplarynyň» esasynda sapak geçip başlaň. Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykýan ähli hökümetleriň ýok ediljek wagty golaýlaşdy (Dan 2:44; 1Kr 15:24, 25). Geliň, ýörite kampaniýa gatnaşmak üçin jan edeliň, Ýehowa wepaly bolalyň, Patyşalygyny goldalyň!
Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni Jennete öwrer!