Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb20 Dekabr sah. 3
  • Ýehowanyň temmisini goldap, söýgimizi görkezýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň temmisini goldap, söýgimizi görkezýäris
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Temmi Ýehowanyň bizi söýýändigini görkezýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek söýgi bilen berilýän terbiýemi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Hudaý söýýänini terbiýeleýändir
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
mwb20 Dekabr sah. 3

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowanyň temmisini goldap, söýgimizi görkezýäris

Ýygnak gatnaşygyndan kesmek çäresi ýygnagy goraýar hem-de toba etmeýän günäkäre düzelmäge mümkinçilik berýär (1Kr 5:6, 11). Ýehowanyň temmisini goldap, biz söýgimizi görkezýäris. Şeýle ýagdaý hemmelere, şol sanda ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamyň ýakynlaryna we düzediş komitetine duýgy taýdan erbet täsir etse näme?

Biz berlen temmini goldap, ilki bilen, Ýehowanyň adyna we adyl kada-kanunlaryna söýgimizi görkezýäris (1Pe 1:14—16). Şeýle-de ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama hem söýgimizi görkezýäris. Berilýän temmi başda agyryly bolsa-da, soňra «dogruçyllygyň parahatlyk miwesini getirýär» (Ýew 12:5, 6, 11, çyk.). Biz ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýa-da ýygnakdan ýüz öwren adam bilen gatnaşsak, Ýehowanyň temmisine garşy gideris. Gullukçylaryna temmi berende, Ýehowanyň «öte geçmeýändigini» unutmaň (Ýer 30:11). Ýehowanyň temmisini goldap, ruhy işleri etmegimizi dowam etsek, günäkäriň rehimdar Atamyz Ýehowa dolanjakdygyna ynanyp bileris (Işa 1:16—18; 55:7).

«ÝEHOWA BÜTIN ÝÜREGIŇ BILEN WEPALY BOL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Ýehowa bütin ýüregiň bilen wepaly bol» diýen wideodan bir parça. Gabriýella bilen Ben öýünden giden oglunyň ýazan hatyny okap, özüni erbet duýýar.

    Çagasy Ýehowadan ýüz öwrende, mesihçi ene-ata özüni nähili duýýar?

  • «Ýehowa bütin ýüregiň bilen wepaly bol» diýen wideodan bir parça. Ýygnakdan soň dogan-uýalar Ben bilen Gabriýellany gujaklap, göwünlik berýär.

    Dogan-uýalar olary nädip goldap biler?

  • «Ýehowa bütin ýüregiň bilen wepaly bol» diýen wideodan bir parça. Gabriýella pitne turzan Karun bilen bolan wakany göz öňüne getirýär.

    Maşgala agzalarymyza garanda, Ýehowa has köp wepaly bolmagyň wajypdygyny Mukaddes Kitapdaky haýsy waka görkezýär?

  • Ýehowa bütin ýüregiň bilen wepaly bol» diýen wideodan bir parça. Ýygnakdan soň Gabriýella Bene oglunyň ugradan sms-ni görkezýär.

    Biz nädip maşgala agzalarymyza garanda, Ýehowa has köp wepaly bolup bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş