WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Sorag beriň
«Bagtly Hudaý» Ýehowa biziň wagyzdan şatlyk tapmagymyzy isleýär (1Tm 1:11). Eger wagyz etmek tejribämizi artdyrsak, wagyz gullugyndan köp şatlyk taparys. Munuň bir usuly — sorag bermek. Soraglar adamy gyzyklandyryp, aňsatlyk bilen gürrüňe başlamaga kömek edýär. Şeýle-de adamy oýlanmaga höweslendirýär we dogry netijä gelmäge kömek edýär (Mat 22:41—45). Adama sorag bereniňizden soň, ony ünsli diňläň. Şeýle etsek, onuň garaýşyna hormat goýýandygymyzy görkezeris (Ýak 1:19). Adamyň berýän jogaby gürrüňdeşligi has gyzykly etmäge kömek eder.
«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. SORAG BERIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Jasminiň nähili gowy häsiýetleri bardy?
Nita Jasmin bilen ýürekden gyzyklanýandygyny nädip görkezdi?
Nita Jasmini gyzyklandyrmak üçin soraglary nädip ökdelik bilen ulandy?
Nita Jasmine oýlanmaga we dogry netijä gelmäge nädip kömek etdi?