MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Sentýabrda Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmek kampaniýasy
Biz sentýabr aýynda wagyzda her bir adama «Ebedi ýaşaň!» broşýura arkaly okuw geçmegi teklip ederis. Dogan-uýalar şol aý 30 sagatlyk kömekçi pioner bolup bilýär. Ýörite kampaniýa nädip geçiriler?
Ilkinji gürrüňdeşlikde okuw teklip ediň. Adamy gyzyklandyrmak üçin broşýuranyň soňky sahypasy arkaly wagyz ediň we Mukaddes Kitap okuwyna başlajak boluň. Kampaniýa döwri öň wagyz eden adamlaryňyzy hem ideg ediň. Belki, olar täze broşýura arkaly okuw geçmek islär. Broşýurany öýünde bolmadyk adamlara goýmaň. Şeýle-de hat arkaly wagyz edeniňizde broşýurany hat bilen ibermek gerek däl. Sentýabrda ýygnagyň gulluk komiteti ýörite wagyz duşuşyklaryny geçirip biler.
Her bir ýagdaýdan peýdalanyň. Ýygnagyňyz stendli wagyz edýän bolsa, stende «Ebedi ýaşaň!» broşýurany goýuň. Broşýurany almak isleýänlere mugtuna Mukaddes Kitapdan okuw geçmelidigini düşündiriň we geçirilişini gysgaça görkeziň. Eger adamyň wagty bolmasa, başga bir gün görüşmegi teklip ediň. Wagyz gözegçisi tejribeli wagyzçylara ýygnagyň territoriýasyndaky edaralarda, kärhanalarda wagyz edip, Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmegi tabşyryp biler. Şeýle-de işdeşleriňize we her bir mümkinçilikden peýdalanyp adamlara okuw geçmegi teklip ediň.
Isa pygamber bize «şägirt taýýarlamagy» we «öwretmegi» tabşyrdy (Mat 28:19, 20) Geliň, ýörite kampaniýa döwri «Ebedi ýaşaň!» broşýurany ulanyp, yhlasly wagyz edeliň!