MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
JW.ORG saýtyndan gerekli maslahatlary tapyň
Şu kyn döwürde Hudaýyň Sözündäki maslahatlar bize her bir kynçylygyň hötdesinden gelmäge kömek edýär (2Tm 3:1, 16, 17). Ýöne käte biz belli bir ýagdaý üçin Mukaddes Kitapdan anyk görkezme tapmaly bolýarys. Meselem, ene-atalara çagalaryna gowy terbiýe bermek üçin, ýaşlara imanyny berkitmek üçin, ýanýoldaşy aradan çykan adama bolsa teselli tapmak üçin maslahat gerek bolýar. Siz jw.org saýtyndan şu we başga ýagdaýlarda kömek edýän maslahatlary tapyp bilersiňiz (Nak 2:3—6).
JW.ORG saýtynyň baş sahypasyndan MUKADDES KITABYŇ TAGLYMATLARY diýen bölümi saýlaň (1-nji surata serediň). Aşakdaky temalaryň haýsysy gyzykly bolsa, üstüne basyň. Ýa-da jw.org saýtynyň EDEBIÝATLAR > INTERNET MAKALALAR diýen bölümine giriň (2-nji surata serediň). Şu bölümleri JW Library®a programmasyndan hem tapyp bilersiňiz. Saýt ýa-da programma arkaly özüňize gerekli makalalary hezil edip okap bilersiňiz. Şeýle-de size haýsy temalar gyzykly bolsa, gözleg düwmesine ýazyp tapyp bilersiňiz.
Gözleg düwmesine aşakdaky temalary ýazyp, şolara degişli makalalaryň haýsysyny okamak isleýändigiňizi belläň.
Çaga terbiýesi
Ýaşlaryň göwnüçökgünlige düşmegi
Ýanýoldaşyň ölümi
a Käbir makalalar diňe jw.org saýtynda çykýar.