MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hudaýyň Sözüne ýürekden ynanyň
Hudaýyň Sözi durmuşymyzy düýbünden üýtgedýär (Ýew 4:12). Mukaddes Kitapdaky maslahatlara, öwüt-ündewlere, görkezmelere eýermek üçin onuň «Hudaýyň Sözüdigine» ynanmaly (1Sl 2:13). Mukaddes Kitaba ýürekden ynanmak üçin näme etmeli?
Mukaddes Kitapdan her gün bir wakany okaň. Mukaddes Kitaby okanyňyzda, onuň Hudaý tarapyn ýazylandygyna subutnama tapyň. Meselem, Nakyllar kitabyndaky öwüt-nesihatlary okap, oýlanyň. Şonda olaryň geçmişdäki ýaly, häzirem peýdalydygyna göz ýetirersiňiz (Nak 13:20; 14:30).
Gözleg geçiriň. Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigini görkezýän köp subutnamalar bar. Munuň üçin «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynyň» «Mukaddes Kitap» diýen bölüminiň «Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan» diýen sözbaşysyndaky makalalary okap bilersiňiz. Şeýle-de Mukaddes Kitabyň «A3 goşmaça maglumatyndan» imanyňyzy berkitjek başga-da köp subutnamalary öwrenip bilersiňiz.
«IMAN EDIŇ... HUDAÝYŇ SÖZÜNE» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Müsüriň Karnak şäherindäki ybadathananyň diwaryndaky ýazgylar Hudaýyň Sözüniň dogrudygyny nädip görkezýär?
Mukaddes Kitabyň üýtgedilmändigini nädip bilse bolýar?
Mukaddes Kitabyň häzire çenli gelip ýetmegi nämäni subut edýär? (Işaýa 40:8-i okaň)