MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Guramamyzyň abraýyny has-da artdyryň
Adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň özüni alyp barşyna üns berýärler (1Kr 4:9). Şonuň üçin biz özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň gepleýşim, özümi alyp barşym Ýehowany şöhratlandyrýarmy?» (1Pe 2:12). Ýehowanyň halky ýagşy at gazanmak üçin köp tagalla etdi. Biziň hiç birimiz guramamyzyň at-abraýyny gaçyrmak islemeýäris (Nes 10:1).
Şu ýagdaýlarda mesihçiniň özüni nähili alyp barmalydygyny we haýsy aýadyň kömek etjekdigini ýazyň:
Biri gaharlanyp üstüňize gygyrsa
Egin-eşigiňiz, ulagyňyz ýa-da jaýyňyz köplenç arassa bolmasa
Hökümediň kanuny adalatsyz ýa-da gulak asmak kyn ýaly bolup görünse
Ýazyjylar bölüminde gulluk edýän dogan-uýalar guramamyzyň at-abraýyny nädip artdyrýarlar?
«HAKYKATY SÖÝMÄGE WE GYMMAT SAÝMAGA KÖMEK EDÝÄRIS» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:
Guramamyz dogry maglumatlary bermek üçin nähili tagalla edýär?