Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb24 Maý sah. 2—3
  • 6—12 maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 6—12 maý
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
mwb24 Maý sah. 2—3

6—12 MAÝ

ZEBUR 36, 37

87-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. «Zalym adamlar üçin janyňy ýakma»

(10 min)

Biz zalym adamlar ýaňa ejir çekýäris (Zb 36:1—4; w17.04 sah. 10, abz. 4)

Ýamana ýamanlyk bilen gaýtargy berseňiz, özüňize zyýan ýetirersiňiz (Zb 37:1, 7, 8; w22.06 sah. 10, abz. 10)

Ýehowanyň wadalaryna ynansak, kalbymyz rahat bolar (Zb 37:10, 11; w03 1/12 sah. 13, abz. 20)

Uýa telefonyndan täzelikleri okap ruhdan düşýär. Ol gozgalaňçylary, polisiýa işgäriniň para alýandygyny, esgerleriň atyşýandygyny, ulag goýulýan ýerde eli ýaragly adamyň durandygyny, ogurlyk edýän adamlary, raýatlaryň gozgalaň turuzýandygyny we ýol heläkçiligine uçranlara kömek edilýändigi görýär.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Täzeliklerde aýdylýan erbet habarlary gaýta-gaýta görüp howsala düşýärinmi?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min)

  • Zb 36:6. Mezmurçynyň «adalatyň beýik daglar kimindir» diýen sözleri nämäni aňladýar? (it «Dag»)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min) Zb 37:1—26 (th sapak 10)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. (lmd sapak 1, abz. 5)

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Öň Mukaddes Kitap okuwyna razylaşmadyk adama ýene okuw geçmegi teklip et (lmd sapak 9, abz. 4).

6. Nutuk

(5 min) (w21.12 sah. 18, abz. 8—10). Tema: Ýehowa nädip gerek zadymyzy ýetirýär? (th sapak 13)

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

33-nji aýdym

7. «Agyr günlere» taýyn boluň!

(15 min) Söhbetdeşlik.

Tebigy betbagtçylyklar we ýurtda bolýan gozgalaňlar sebäpli bütin dünýädäki dogan-uýalar köp zadyndan mahrum boldular, hatda dogan-garyndaşlary hem aradan çykdy (Zb 9:9, 10). Gynansak-da, betbagtçylyklar biziňem başymyza düşüp biler. Şonuň üçin biz «agyr günlere» häzirden taýýar bolmaly.

Betbagtçylyk bolandaa aman galar ýaly näme edip bileris?

  •  Betbagtçylyk bolmaz öýtmäň. Betbagtçylyk hemme adamlaryň başyna inip bilýär. Şonuň üçin näme etjekdigiňizi öňünden çözüň. Howp abananda öýüňizi we bar zadyňyzy taşlap gaçmaga taýyn boluň. Şeýtseňiz, paýhasly hereket edip, hem öz janyňyzy, hem başgalaryň janyny halas edersiňiz (1Ms 19:16; Zb 36:9). Bardy-geldi köp zadyňyzdan mahrum bolsaňyzam, gynanyp ruhdan düşmersiňiz (Zb 37:19).

  •  Imanyňyzy berkidiň. Ýehowanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigine we goldajakdygyna ynanyň (Zb 37:18). Heniz betbagtçylyk bolmanka, Ýehowanyň görkezme berjekdigi, bar zadymyzdan mahrum bolsagam, aladamyzy etjekdigi hakda wagtal-wagtal oýlanyp duruň (Ýer 45:5; Zb 37:23, 24).

Ýehowanyň ähli wadalaryny berjaý etjekdigine iman etsek, ol «agyr günümizde gala kimin gorar» (Zb 37:39).

«Siz betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideodan suratlar: 1. Dogan Mukaddes Kitaby okaýar. 2. Sil gelýär. 3. Harasat turýar. 4. Sil gelende adamlar zatlaryny daşaýarlar.

«Siz betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideony görkez. Soňra şeýle soraglary ber:

  • Betbagtçylyk bolanda Ýehowa bize nädip kömek edýär?

  • Betbagtçylyga taýýar bolmak üçin näme etmeli?

  • Betbagtçylykda ejir çekenlere nädip kömek edip bileris?

MAKSAT GOÝUŇ

  • Mukaddes Kitaby okanyňyzda, şahsy okuwyny geçireniňizde özüňizi we başgalary ruhlandyrjak aýatlary belläp alyň. Munuň üçin siz JW Library® programmaňyzda ýörite tema döredip bilersiňiz. Ýa-da aýatlaryň sanawyny düzmek üçin jw.org saýtyndaky «Mukaddes Kitapda tebigy betbagtçylyk hakda näme diýilýär?» (rus.) atly makala seredip bilersiňiz.

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min) bt bap 9, abz. 8—16

Jemleýji sözler (3 min) | 57-nji aýdym we doga

a «Oýanyň!» žurnalynyň 2017-nji ýylda çykan 5-nji sanynyň 4—6 sahypalaryna serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş