Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb24 Sentýabr sah. 2—3
  • 2—8 sentýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 2—8 sentýabr
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2024
mwb24 Sentýabr sah. 2—3

2—8 SENTÝABR

ZEBUR 79—81

29-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Hudaýyň adyny joşup wasp ediň

(10 min)

Hudaýyň adyna ysnat getirýän işleri etmäň (Zb 79:9; w17.02 sah. 9, abz. 5)

Allanyň adyny çagyryň (Zb 80:18; ijwbv 3 sah. 4, 5)

Ýehowa adyny şöhratlandyrýan we gulak asýan adamlara bol bereket berýär (Zb 81:13, 16)

Dogan arakesmede işdeşine jw.org kartoçkasyny görkezýär.

Biz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrar ýaly, edim-gylymly bolmaly we Ýehowanyň Şaýady hökmünde tanalmaly

2. Dürdäne pikirler

(10 min)

  • Zb 80:1. Ýusup diýlende näme üçin käte Ysraýylyň ähli tire-taýpalary göz öňünde tutulýar? (it «Ýusup»)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min) Zb 79:1—80:7 (th sapak 10)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(1 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 4, abz. 4).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 4, abz. 3).

6. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min) KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 3, abz. 3).

7. Gaýtadan ideg ediň

(5 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öň Mukaddes Kitap okuwyna razylaşmadyk adama ýene okuw geçmegi teklip et (lmd sapak 8, abz. 3).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

10-njy aýdym

8. «Olar... meniň adymy wasp ederler»

(15 min) Söhbetdeşlik.

Şeýtan ilkinji sapar Erem bagynda Hudaýyň adyna töhmet atdy. Şondan bäri adamzat nesliniň we perişdeleriň öňünde wajyp saýlaw dur. Olar Hudaýyň adyny ýa aklap bilýär ýa-da garalap.

Şeýtan Ýehowa töhmet atyp, ýalan zatlary aýdýar we bütin dünýä ýaýradýar. Meselem, ol Ýehowanyň zalym hökümdardygyny ynandyrjak bolup elinde baryny edýär (1Ms 3:1—6; Eýp 4:18, 19). Ol adamlar öz bähbidi üçin Hudaýa sežde edýär diýýär (Eýp 2:4, 5). Şeýle-de Şeýtan millionlarça adamlary Ýaradanyň ýokdugyna, ýer ýüzüniň öz-özünden dörändigine ynandyrýar (Rim 1:20, 21).

Şu ýalan zatlar size nähili täsir edýär? Belki, siz Ýehowanyň adyny aklarsyňyz. Ol adyny aklajak wepaly adamlaryň boljakdygyny bilýär (Işa 29:23). Siz Hudaýyň adyny nädip aklap bilersiňiz?

  • Adamlara Ýehowany tanamaga we ýürekden söýmäge kömek ediň (Ýah 17:25, 26). Ýehowanyň hakykatdan-da bardygyny tassyklaýan subutnamalary we ajaýyp häsiýetlerini gürrüň bermäge taýyn boluň (Işa 63:7).

  • Ýehowany bütin ýüregiňiz bilen söýüň (Mat 22:37, 38). Biz öz bähbidimiz üçin däl-de, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak üçin, Onuň kada-kanunlaryna eýermeli (Nak 27:11).

Surat: «Söýgi ähli zada döz gelýändir. Mekdepde döreýän kynçylyklar» wideodan bir surat. 1. Ariýel synpda otyrka, synpdaşy oňa barmagyny çommaldyp, baýdaga näme üçin tagzym etmeýändigini soraýar. 2. Ol Mukaddes Kitapdan we «Mukaddes Kitapdan sapaklarym» kitabynyň 61-nji sapagyndan şahsy okuwyny geçirýär. 3. Ol synpdaşlarynyň öňünde wagyz edýär. 4. Synpdaşlary Diýego elektron çilimini hödürleýär. 5. Ol planşetinden gözleg geçirýär. 6. Ol ýylgyryp mekdepden gelýär.

«Söýgi ähli zada döz gelýändir. Mekdepde döreýän kynçylyklar» atly wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:

  • Ariýel bilen Diýego Hudaýyň adyny nädip aklady?

  • Olary şeýle etmäge näme höweslendirdi?

  • Olaryň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min) bt bap 15, abz. 1—7, bölüm 6, giriş sözler

Jemleýji sözler (3 min) | 90-njy aýdym we doga

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş