4—10 NOÝABR
ZEBUR 105
3-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)
1. «Ol ähtini hiç haçan unutmaýar»
(10 min)
Ýehowa Ybraýym pygamber bilen äht baglaşdy, soňra şol äht hakda Yshak bilen Ýakuba hem aýtdy (1Ms 15:18; 26:3; 28:13; Zb 105:8—11)
Hudaýyň beren wadalary ýerine ýetmejek ýalydy (Zb 105:12, 13; w23.04 sah. 28, abz. 11, 12)
Ýehowa Ybraýym pygambere beren wadasyny hiç haçan unutmady (Zb 105:42—44; it «Söz»)
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Ýehowa wadasynda durýan Hudaý. Bu onuň ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigine nädip ynamymy artdyrýar?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min)
Zb 105:17—19. Ýusuba kyn gününde ruhdan düşmezlige näme kömek etdi? (w18.10 sah. 28, abz. 3, 4)
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min) Zb 105:24—45 (th sapak 5)
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(1 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi iş bilen başagaýdygyny aýdýar (lmd sapak 2, abz. 5).
5. Gürrüňdeşlige başlaň
(2 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi dawalaşyp başlasa, gürrüňi ýumşaklyk bilen tamamlap gaýdyň (lmd sapak 4, abz. 5).
6. Gaýtadan ideg ediň
(4 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesine jw.org saýtyndan ýa-da JW Library programmasyndan geçen gezek gürrüň eden temaňyza degişli žurnaly ýükläp almaga kömek ediň (lmd sapak 8, abz. 3).
7. Gaýtadan ideg ediň
(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Adama JW Library programmasynyň peýdasyny gürrüň beriň we ony ýüklemäge kömek ediň (lmd sapak 9, abz. 5).
84-nji aýdym
8. Söýgiňi bildirmegiň usullary
(15 min) Söhbetdeşlik.
Biz Hudaýyň Patyşalyk işini goldamak üçin wagtymyzy, güýjümizi sarp edýäris we pul sadakasyny berýäris. Şeýdip, biz tagtda oturan Patyşamyzy, ýagny Isa Mesihi söýýändigimizi subut edýäris. Şeýle-de Ýehowa Hudaýy ýürekden söýýändigimizi we dogan-uýalary goldamak isleýändigimizi görkezýäris (Ýah 14:23). JW.ORG saýtyndaky «Pul sadakalary nämä harçlanýar?» diýen internet makalalar berilýän pul sadakalarynyň bütin dünýäde ýaşaýan dogan-uýalary goldaýandygyny görkezýär.
«Pul sadakalarynyň gymmaty» diýen wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:
Pul sadakalary imandaşlarymyzyň dini hak-hukuklaryny goramaga nädip kömek edýär?
2 Korinfliler 8:14-däki prinsip Ýygnak jaýlaryny guramaga nädip kömek edýär?
Pul sadakalary Mukaddes Kitaby ençeme dillerde terjime etmäge nädip kömek edýär?
9. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min) bt bap 17, abz. 13—19